Abadançylyk — ösüş!

Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisini geçirdi. Onuň gün tertibine harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň bäş aýynda ýerine ýetiren işleriniň netijeleri hem-de bu düzümleriň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler bilen baglanyşykly meseleler girizildi.

 1-nji iýunda geçirilen Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisiniň çäklerinde milli Liderimiz harby we hukuk goraýjy edaralarynyň ýolbaşçylarynyň hasabatlaryny diňledi. Olar ýolbaşçylyk edýän düzümlerindäki işleriň ýagdaýy hem-de ýurdumyzda parahatçylygy we asudalygy saklamak, kanunçylygy hem-de hukuk tertibini üpjün etmek boýunça wezipeleri üstünlikli çözmäge degişli tabşyryklaryň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdiler.

Hormatly Prezidentimiz Türkmenistanda durmuşa geçirilýän Harby doktrinanyň diňe goranyş häsiýetine eýedigini hem-de oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk söýüjilik we hoşniýetli goňşuçylyk ýaly esasy ýörelgelere esaslanýandygyny belläp, halkymyzyň parahat we abadan durmuşynyň, döredijilikli zähmetiniň kepili hökmünde çykyş edýän ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň kuwwatyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak meseleleriniň hemişe döwletimiziň üns merkezinde boljakdygyny belledi.

 Milli Liderimiz harby gullukçylaryň hem-de olaryň maşgala agzalarynyň göwnejaý ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmek boýunça görülýän çäreler barada durup geçip, Watan goragçylarynyň ýaş nesliniň söweşjeň hem-de beden taýýarlygynyň derejesini yzygiderli ýokarlandyrmagyň möhümdigini hem-de esgerleriň we serkerdeleriň watançylyk terbiýesi bilen baglanyşykly meseleleri hemişe üns merkezinde saklamagyň wajypdygyny belledi.

Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzda demokratik prosesleriň dolanuwsyzdygyna şaýatlyk edýän giň möçberli hukuk özgertmeleriniň örän wajypdygyny belläp, dünýäniň iň gowy tejribesini içgin öwrenmegiň hem-de täze kanunçylyk namalaryny işläp taýýarlamakda ony işjeň ulanmagyň ähmiýetini nygtady. Döwlet Baştutanymyz şeýle hem ilatymyza degişli hukuk kömegini bermek, raýatlarymyzyň hukuk sowatlylygynyň derejesini ýokarlandyrmak we çäreleri durmuşa geçirmek boýunça işleriň dowam etdirilmeginiň möhümdigini belledi.

 Döwlet Baştutanymyzy ýurdumyzyň harby we hukuk goraýjy edaralarynyň Türkmenistanda ýaýbaňlandyrylýan giň möçberli özgertmelerde möhüm orun eýeleýändigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, bu düzümleriň işgärleri, harby gullukçylar Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça paýtagtymyzda geçiriljek V Aziýa oýunlarynyň guramaçylyk meselelerine işjeň gatnaşmalydyklaryny belledi we bu babatda birnäçe tabşyryklary berdi.

 Milli Liderimiz mejlisiň gün tertibine girizilen meseleleri ara alyp maslahatlaşmagyň jemlerini jemläp, türkmen topragyndaky parahatçylygyň we asudalygyň biziň Garaşsyz hem Bitarap döwletimiziň esaslaryny pugtalandyrmaga, halkymyzyň abadan we bagtyýar durmuşda ýaşamagyny üpjün etmäge ýardam edýändigini belledi. Hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň goranyş ukybyny ýokarlandyrmak, harby we hukuk goraýjy edaralaryň maddy-enjamlaýyn binýadyny toplumlaýyn döwrebaplaşdyrmak, harby gullukçylaryň gulluk, durmuş we dynç alyş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça maksadalaýyk işleriň mundan beýläk-de dowam etdiriljekdigini aýtdy.

 Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň mejlisinde başga-da birnäçe meselelere garaldy we olar boýunça degişli çözgütler kabul edildi.

“Nesil” gazeti,

03.06.2017ý.

Meňzeş habarlar