2023-nji ýylyň 13-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşi, etrabyň 5-nji orta mekdebiniň mugallymlary bilen bilelikde ertirki günümiziň eýeleri bolan ýaş nesillere döwrebap bilim-terbiýe bermek hem-de olaryň hünär başarnyklaryny artdyrmak, dünýägaraýyşlaryny giňeltmek maksady bilen Darganata etrabynyň 5-nji orta mekdebinde “Bilimli ýaşlar buýsanjymyzdyr” ady bilen söhbetdeşlik duşuşygy gurnaldy. Söhbetdeşlik duşuşygynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Lebap welaýatynyň Darganata etrap Geňeşiniň guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni Leýla Gylyçmuhammedowa, etrabyň 5-nji orta mekdebiniň okuw işler boýunça müdiri Myrat Hudaýberdiýew, şeýle-de şol mekdebiň mugallymy Jahan Bekmuradowa dagylar çykyş etdiler. Duşuşygynyň ahyrynda ýaş nesillerimiziň bagtyýar durmuşyny üpjün etmegiň hatyrasyna döwletli işleri amala aşyrýan Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Serdarymyzyň janlarynyň sag bolmagyny, beýik işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdiler.
TMÝG-niň Lebap welaýat Geňeşi
BILIMLI ÝAŞLAR BUÝSANJYMYZDYR
13 Ýanwar 2023
6233
Meňzeş habarlar
07 Noýabr 2025
| 18 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
EDEBIŇ BAŞY SALAMDAN BAŞLANÝAR
03 Noýabr 2025
| 62 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
WOLEÝBOL ÝARYŞY GEÇIRILDI
03 Noýabr 2025
| 97 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>












