Bu günki gün eziz Diýarymyzda hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda ýaş nesilleriň ylymly-bilimli, beden we ruhy taýdan sagdyn bolup ýetişmekleri ugrunda netijeli üstünlikli durmuşa geçirilýär. Şunda bilim ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, sapaklary guramakda innowasion tehnologiýalardan we döwrebap okadyş usullaryndan peýdalanmak möhüm ähmiýete eýedir. Munuň özi ýaşlaryň alýan bilimlerini çuňňur özleşdirilmegine uly ýardam berýär. Häzirki wagtda ýurdumyzyň orta mekdeplerinde okuw sapaklaryny dürli işjeň çäreler arkaly alyp barmak işleri hem üstünlikli goýulýar. Ine ýakynda Ahal welaýatynyň Kaka etrabynda ýerleşýän 14-nji orta mekdebinde “Ylym-bilim-bagtyýar ýaşlaryň röwşen geljegi” ady bilen “Açyk gapylar” güni geçirildi. Onuň çäklerinde mekdep sergisi, türkmen dili, fizika, himiýa, iňlis dili, geometriýa ýaly okuw derslerinden açyk sapaklar guraldy. Bu dabara oňa gatnaşyjylara mekdep durmuşy, okuwçylaryň alýan döwrebap bilimi bilen ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik berdi. “Açyk gapylar” güni ýurdumyzda ýaş nesilleriň hemmetaraplaýyn kämil şahsyýetler bolup ýetişmekleri ugrunda Arkadagly Serdarymyzyň edýän taýsyz tagallalarynyň özboluşly şöhlelenmesine öwrüldi.
TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşi
RÖWŞEN MENZILLERE ŞAMÇYRAG
10 Aprel 2023
1996

Meňzeş habarlar
19 Sentýabr 2025
| 70 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
WAGYZ-NESIHAT MASLAHATY GEÇIRILDI
18 Sentýabr 2025
| 137 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>
GARAŞSYZLYK — BAGTYMYZ
17 Sentýabr 2025
| 70 okalan
//=yii::t('app', 'comment')?>