Zähmet bagt getirýär

 Biz muňa hormatly Prezidentimiziň hepdäniň penşenbe güni geçiren Ministrler Kabinetiniň göçme mejlisinde has hem anyk göz ýetirdik.

 Göçme mejlisde 8 aýyň dowamynda halkymyzyň yhlasly zähmeti netijesinde gazanylan durmuş-ykdysady ösüşleriň jemine seredildi. Mejlisiň barşynda hökümetiň, ministrlikleriň we pudak edaralarynyň işiniň netijelerine üns berildi.

 Milli ykdysadyýetimizi ösdürmek ýurdumyzyň kuwwatlanmagynyň, makroykdysady görkezijileriň ösüşiniň girewi bolup durýar. Şol sebäpli-de hormatly Prezidentimiz ilkinji nobatda şu ulgamyň ýolbaşçysynyň hasabatyny diňledi. Hasabatda ähli pudaklarda diýen ýaly görkezijileriň artandygy bellenildi. Senagatda, gurluşykda, ulag-aragatnaşyk pudagynda, oba hojalyk we hyzmatlar ulgamynda geçen ýyllar bilen deňeşdireniňde üstünlikleriň köpelendigi mälim boldy.

Ýangyç-energetika toplumy halk hojalygynyň uly pudaklarynyň biridir. Bu ulgamda halkymyzyň milli baýlygy bolan nebitiň we gazyň çykarylyşywe dünýä bazarlarynda tutýan orny uly ähmiýete eýedir. Şu nukdaýnazardan hormatly Prezidentimize nebitiň gaz kondensaty bilen çykarylyşy, uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek, benziniň, dizel ýangyjynyň, çalgy ýaglaryň, polipropileniň, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi barada hasabat berildi. Hasabatyň dowamynda aýratyn-da, Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan (TOPH) gaz geçirijisiniň taslamasynyň durmuşa geçirilişi barada aýdyldy. Milli Liderimiz bu ulgamyň işlerine nägilelik bildirip, depgini güýçlendirmegi, ýagdaýlary düýpli seljerip, gysga wagtyň dowamynda işleri kämilleşdirmek boýunça anyk çäreleri görmegi tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz nebitgaz pudagynyň düzümlerini döwrebaplaşdyrmaga, innowasion tehnologiýalary, iň täze tehnikalary bu ulgama ornaşdyrmaga, şeýle hem özara bähbitli halkara hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge ünsi çekdi.

Oba hojalygynda öndürilýän ekerançylyk we maldarçylyk önümleri ýurdumyzda azyk bolçulygyny döretmegiň çeşmesi hasaplanýar. Bu babatda obasenagat toplumynyň öňünde uly maksatlar durýar. Geçen 8 aýyň dowamynda ýurdumyzyň zähmetsöýer daýhanlary we maldarlary tarapyndan uly üstünliklere eýe bolundy. Oba we suw hojalygy, Daşky gurşawy goramak, “Türkmenatlary” döwlet birleşigi, Azyk senagaty döwlet birleşigi boýunça ösüşler ýokary derejeleri görkezýär. Oba ýerlerinde pagta ýygymy möwsümine guramaçylykly girişilmek bilen birlikde güýzlük bugdaý ekişi dowam edýär. Gahryman Arkadagymyz hasabaty diňläp obasenagat toplumynyň işleri barada hem düýpli bellikleri aýtdy. Döwletimiziň bu ulgamynyň işiniň rowaçlanmagy üçin hemmetaraplaýyn hemaýat berýändigini, suw, dökün, tohum, döwrebap tehnikalar bilen doly üpjün edýändigini aýtdy. Şeýlelikde özgertmeleri işjeňleşdirmek barada durup geçmek bilen milli Liderimiz daşary ýurt bazarlaryna oba hojalyk önümlerini köp möçberde ibermek, daşary ýurtlardan getirilýän harytlaryň mukdaryny azaltmak barada anyk tabşyryklar berdi.

Hormatly Prezidentimiziň “Medeniýet halkyň kalbydyr” diýen parasatly sözleri bu günki gün halkara derejeli sport toýunyň öň ýanynda göwünlere ganat bekleýär. Her bir toý-dabaralary, dünýä derejeli uly çäreleri aýdym-saza, hoş owaza beslemek işimizde iň oňat däpleriň biri saýylýar. Ýurdumyzda teatrlaryň, muzeýleriň işi barha kämilleşýär. Kitap önümleriniň çykarylyşy artýar. Hormatly Prezidentimiz medeniýet ulgamynda gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmagyň zerurdygy barada aýtmak bilen, alnymyzda duran “Aşgabat 2017” oýunlary mynasybetli geçiriljek çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesine eýe bolmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.

Il arasynda ylym-bilimiň abraý-mertebesi has belentdir. “Bilegi güýçli birini ýykar, bilimi güýçli müňüni” diýýän halkymyz ýaş nesilleriň bilim tarapdan kämil, edep-tertipli bolup ýetişmeginiň aladasy bilen ýaşaýar. Bu babatda döwletimiziň, ýurt Baştutanymyzyň çäksiz uly aladalary bolsa, işleri has ilerledýär. Ynha, 2017 — 2018-nji täze okuw ýylynyň ilkinji gününde — Bilimler we talyp ýaşlar gününde birbada birnäçe bilim ojaklarynyň açylyp, ulanylmaga berilmegi şol ygtybarly işleriň netijeleridir. Hormatly Prezidentimiz göçme mejlisiň dowamynda ylym, bilim, saglygy goraýyş we sport ulgamy baradaky hasabatlary diňlemek bilen Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda paýtagtymyzda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlarynyň geçirilýän döwründe — 2017-nji ýylyň 18-28-nji sentýabry aralygynda Aşgabat şäherinde ýerleşýän orta mekdepleriň okuwçylary, başlangyç, orta we ýokary hünär okuw mekdepleriniň talyplary okuw meýilnamasyndan daşary rugsada goýberiler. Şeýle hem hormatly Prezidentimiz okaýan ähli türgenlerimizi “Aşgabat 2017” oýunlaryna ykjam taýýarlanmaklary üçin bir aýlap okuwdan boşadýandygy, ýaşlarymyzyň V Aziýa oýunlarynyň her bir görnüşi boýunça janköýer hökmünde gatnaşyp biljekdigi baradaky resminama gol çekdi.

Gahryman Arkadagymyz göçme mejlisiň ahyrynda oňa gatnaşanlary ýetip gelen Bilimler we talyp ýaşlar güni hem-de Gurban baýramy bilen tüýs ýürekden gutlap, berk jan saglyk, maşgala agzybirligini we işlerinde rowaçlyk arzuw etdi.

“Nesil” gazeti,

02.09.2017ý.

Meňzeş habarlar