Hormatly Prezidentimiziň: «Men özüme bildirilen örän uly ynama ýokary baha berýärin. Bu ynamyň diňe özüme däl-de, eýsem, bilimli-terbiýeli, iň öňdebaryjy we innowasion tehnologiýalardan baş çykarýan ähli türkmen ýaşlaryna hem bildirilen ynamdygyna düşünýärin» diýen sözlerini baş maksat edinip, ýaşlar barada edilýän bimöçber aladalardan ugur alyp, Türkmenistanda Ýaşlar baradaky döwlet syýasatynyň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasyny durmuşa geçirmäge ýaşlary kitaphanalara işjeň çekmekde, olaryň kitaba bolan söýgüsini güýçlendirmek, bilim derejesini artdyrmak, dünýägaraýşyny giňeltmek hem-de ruhy taýdan kämilleşdirmek maksady bilen Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet kitaphanasy hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäher Geňeşiniň bilelikde guramagynda «Kitapsyz öý, otsuz ojak ýalydyr» atly şygar astynda okyjylaryň arasynda bäsleşik geçirildi. Bäsleşikde:
Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň «Nebit we gazy gaýtadan işlemegiň himiki tehnologiýasy» fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Dawut Döwranow I orna,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň «Hukuk» fakultetiniň 1-nji ýyl talyby Azat Rejepnurow II orna,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmen döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň «Kesel bejeriş» fakultetiniň 2-nji ýyl talyby Mekan Azatjanow III orna,
Aşgabat şäheriniň matematika we iňlis dilini çuňlaşdyryp öwredýän 49-njy orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Şanur Annaýew I orna,
Aşgabat şäheriniň 12-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Berdimuhammet Aşyrow II orna
Aşgabat şäheriniň Daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 84-nji orta mekdebiniň 11-nji synp okuwçysy Aýgül Weýisowa III orna mynasyp boldylar.
Çäräniň ahyrynda ýeňiji bolan ýaşlar özleri üçin döredilip berilýän şeýle ajaýyp mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.
Enejan DOLAÝEWA,
TMÝG-niň Aşgabat şäher Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.