Golaýda Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap häkimliginiň, TDP-niň Büzmeýin etrap komitetiniň, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Aşgabat şäheriniň Büzmeýin etrap Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistan PTB-nyň Büzmeýin etrap şahamçasynda zähmet çekýän ýaşlaryň gatnaşmaklarynda şol şahamçanyň mejlisler jaýynda «Ahlak arassalygy – ruhy tämizlik» ady bilen wagyz-nesihat duşuşygy geçirildi. Duşuşyk pederlerimizden gelýän asylly ýörelgelerimiz bolan maşgala mukaddesligini, nesil terbiýesini, ahlak sypatlary wagyz etmek maksady bilen geçirilip, onda edilen çykyşlarda ýurdumyzda her bir maşgalanyň abadan, parahat durmuşda ýaşamagy üçin Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýolbaşçylygynda alnyp barylýan beýik işler barada buýsançly bellediler. Şeýle hem, ata Watanymyzyň beýik geljegi bolan nesillerimizi şeýle asylly ýörelgeler esasynda terbiýelemekde döredip berýän mümkinçilikleri üçin türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, hormatly Prezidentimize sagbolsun aýtdylar.
Bezirgen ORAZMÄMMEDOW,
TMÝG-niň Aşgabat şäheriniň
Büzmeýin etrap Geňeşiniň başlygy.