EÝRAN NAKYLLARY

Sahy adama mert bolmagyň zerurlygy ýok.

***

Akmaga iň gowy jogap dymmakdyr.

***

Miwesinden doýanyňdan soň, agaç baldagyny döwme.

***

Arzuw meýdanynyň çägi ýokdur.

***

Mugtuna edilen iş, işsizlikden gowydyr.

***

Içýanyň seni çakanyny gaty görme, onuň tebigaty şeýle.

***

Ilki dostlaryň bilen araňy sazla, soňra duşmana haýbat at.

***

Mugallymyň gazaby ataň mährinden gymmatlydyr.

***

Ýylan garrasa, gurbaga onuň depesine münermiş.

***

Mesge ýag hamyrda zaýa bolmaýar.

***

Akmagyň dostuny hem özüňe ýakynlaşdyrma.

***

Atylan oky yzyna dolap bolmaz.

***

Adamy tanamak isleseň, onuň bilen syýahata ugra.

 

Wepa ESENOW,

TMÝG-niň Daşoguz welaýat Geňeşiniň hünärmeni.

Meňzeş habarlar

26 Sentýabr 2025 | 96 okalan

NEPIS TÜRKMEN HALYSY

25 Sentýabr 2025 | 226 okalan

HALK MASLAHATY DÖWLETLI TUTUMLARYŇ BINÝADY

23 Sentýabr 2025 | 203 okalan

ABU ALY IBN SINA