OL MENI TANAR…

     Kömür magdanlarynyň birinde bir oglanjyk irikgä bolup, liftiň ýokary çykaryna garaşyp oturan ekeni. Bu oglanjygyň tiňkesini bir nokada dikip oturmasy magdan gözegçisiniň ünsüni çekipdir. «Sen bu ýerde näme işleýärsiň?» diýip, gözegçi oglanjykdan soranda, ol: «Kakama garaşýaryn» diýip jogap beripdir. «Sen munça adamyň içinden kakaňy tanap bilmersiň. Häzir olaryň ählisi birmeňzeş eşikde, birmeňzeş başgapda, ýüzleri kömür tozlaryndan ýaňa garagäz bolup çykarlar. Gowusy, öýňüze gaýt, kakaň özi barar» diýip, gözegçi oňa maslahat beripdir. «Ýöne, kakam meni tanar-a» diýip, oglanjygam raýyndan gaýtmandyr. Bu jogap gözegçini haýran galdyrypdyr. Birmeňzeş lybasly ýüzlerçe adamyň içinden birbada saýgaryp bilmese-de, kakasynyň özüni tanajakdygyna we ýanyna geljekdigine bolan ynamynyň güýçlüdigine göz ýetiripdir. Eýsem, şeýle pugta ynam biziň her birimize mahsusmy? Durmuşyň ähli pursatlarynda özümiziň tenha däldigimize, biz görüp bilmeýän bolsagam, bagtly nesibäniň bizi görýändigine, onuň hut häzir ýanymyzda peýda boljakdygyna ynanyp bilýärismi? Durmuşda hemişe şol jogaby özüňe hemra edin: «Sen ony birbada saýgarmasaň hem, saňa ýazylan bagt, üstünlik we şowlulyk seni hökman tanar, seni hökman tapar. Esasy zat – ynan we umyt bilen garaş!».

 

Rahmet GYLYJOW,

«Halallyk kyssalary» kitabyndan.

 

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR