Pähim-paýhasy bilen Watanyna, halkyna hyzmat eden adamlar halkyň kalbynda, aňynda hemişelik ýaşaýar. Watany öz ykbaly bilen baglan, il-ulsy agzybirlige, jebislige, bir döwletlilige çagyran türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň ady hem asyrlardan asyrlara aşyp, dillerden düşmän biziň zamanamyza gelip ýetipdir. Şahyryň baý döredijiligi, dürdäne hazynasy Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe uly buýsanç bilen öwrenilýär, il-halka ýetirilýär. Halk olara gymmatly hazyna hökmünde garaýar.
Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny okanyňda, onuň diňe bir şahyr däl-de, akylyňy haýran galdyrýan beýik akyldardygyna göz ýetirýärsiň. Magtymguly atamyzyň şygyrlary adamzat nesli üçin zerur bolan ynsanperwerlik, halallyk, watansöýüjilik ündewlerine ýugrulan. Gahryman Arkadagymyzyň aýdyşy ýaly, Pyragynyň ajaýyp şygyrlary ähli nesiller üçin beýik taglymatdyr.
Bu gün Magtymguly Pyragynyň “Ismim düşdi ilden-ile, nagyş ederler dilden-dile” diýen sözleri hakykata öwrülip, ol dünýä halklarynyň arasynda-da uly meşhurlyga eýe bolup, doganlyk halklaryň söýgüsini gazandy. Bu barada türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz şeýle diýýär: “Beýik şahyryň asyrlar aşyp, biziň döwrümize gelip ýeten müň dürli öwüşginli şygyrlary, ene topragy, ata Watany ýürekden söýmäge we ynsanperwerlige çagyryşlary bütin adamzadyň ruhy gymmatlygyna öwrüldi”. Dana şahyrymyz goşgy setirlerinde:
Magtymguly, köňle gaýgy getirme,
Bu bir iş wagtydyr, özüň ýitirme,
Sözüm aňlan ýok diýp, ümsüm oturma,
Jahan giňdir, çendan bilen-de bardyr
– diýmek bilen, adamlary dogry ýola, halal durmuşa çagyrypdyr. “Haýry goýup, şer işlere ulaşmaň” diýen akyldarymyz bet işlere, ýaramaz pişelere baş goşmazlygy, ynsanyň saglygyna, ömrüne, ýaşaýşyna zyýan ýetirýän pişelerden gaça durmagy ündäpdir. Ol öz şygyrlarynda ýaramaz pişeleriň, endikleriň zyýany barada aýdyp, olary berk ýazgarypdyr. Halal zähmet çekmäge, halal ýol bilen ýöremäge çagyrypdyr.
Akyldaryň öňe süren pikirleri umumadamzat jemgyýetiniň diňe bir ruhy-ahlak taýdan kämilleşmegine täsir etmän, eýsem, durmuş-ykdysady we syýasy taýdan ösmeklige hem uly itergi berýär. Her bir ynsan üçin ýol-ýörelge bolup hyzmat edýär. Şahyryň “Älem içre adam galmaz, at gezer” ýaly dürdäne setirleri hiç wagt öz gymmatyny ýitirmeýän öwüt-ündew bolup durýar. Çünki, dünýäde halal zähmet çekip, akýürekliligi bilen ýagşy at galdyrmak her bir ynsanyň borjudyr.
Maral ŞALLYÝEWA,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba
hojalyk uniwersitetiniň talyby.