GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ESERLERINDE AKYLDAR ŞAHYRYŇ EDEBI KEŞBI

     Parlak paýhasy we kämil edebi döredijiligi bilen dünýä medeniýetinde we edebiýatynda öçmez ýyldyza öwrülen Magtymguly Pyragynyň ylham güzeri barha joşgun alýar. Onuň döreden ajaýyp eserleri ynsanperwerlik tuguny parladyp, nesilleriň ebedi terbiýeçilik mekdebi hökmünde ýaşaýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň eserlerindäki ahlaklylyk baradaky ýörelgeleriň beýik Pyragynyň şygyrlary bilen baglanyşdyrylmagy bolsa öňe sürülýän pikirleriň milliligini, çeperçiligini artdyrýar.

     Gahryman Arkadagymyzyň her bir sözi sagdynlygyň we ruhubelentligiň binýady, her bir kitaby täze ylmy-edebi taglymatlaryň sütüni bolup hyzmat edýär. Her bir taglymaty dilleriň, hünärleriň, ýyllaryň serhetlerinden aşyp, bitewüligiň, dostlugyň, abadançylyň, durnuklylygyň we söýginiň nyşany, röwşen geljege barýan parahatçylyk döredijiligiň köprüsi bolup dabaralanýar. Asyrlaryň jümmüşinden gelýän edebi ýollaryň ösüşinde geçmişiň mukaddesliklerini, Magtymguly Pyragynyň dünýäsini köptaraply öwrenmegiň, şahyra salgylanmalaryň milli mekdebiniň täze tapgyrynyň başlanmagy Gahryman Arkadagymyzyň ady bilen berk baglanyşyklydyr. Ahlak medeniýetinde köptaraply döredijilikli pikirlenme ukyplary bilen jemgyýetçilik ösüşleri üçin aňyň ajaýyp gözýetimleri, zehiniň tutanýerli amallary, erjel, tutanýerli,dowamly ymtylyşlary, duýgularyň we islegleriň täsin başarnyklary bilen täze taryhy açyşlary, gymmatly tejribeleri döretmeklige ylham diýilýär. Döredijilik häsiýetnamasynda hakykaty dogruçyl şöhlelendirmekde maksadaokgunly, sagdyn häsiýetleriň ähli görnüşleri bilen taryhy, tebigy we hil taýdan giňden, çuňňur, beýiklik ölçeglerinde düýpli tapawutlanmagyň zähmet üstünlikleri akyldarlyk mertebesi, danalyk ylhamy hökmünde kabul edilýär.

     Gahryman Arkadagymyzyň 2008-nji ýylda geçirilen «Magtymguly we dünýäniň ruhy-medeni gymmatlyklary halkara ylmy maslahatyna gatnaşyjylara iberen 14 Gutlagynda: «Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanlary nesillerde watansöýüjiligi, ynsanperwerligi terbiýelemekde gymmatly ruhy çeşmedir» diýip belleýän parasatly sözleri durmuş hakykaty bilen taryhy ösüşleriň sazlaşygy bolup ýaňlandy.

     Şöhratly asyrymyzda sözüň güýji, döredijilik kuwwaty, çeperçilik gözlegleri bilen nusgalyk çözgütleri kemala getiren Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» atly romanynda: «Mälikguly, seniň Magtymgulynyň goşgularyndan ýatdan bilýändigiňi, käbir ýerlerde ýatdan aýdyp berýändigiňi adamlardan eşitdim» diýen edebi gahrymanlaryň sözleýiş hereketleri Gahryman Arkadagymyzyň maşgalasynda ozaldan Magtymgulynyň eserlerini yzygiderli okamagyň, peýdalanmagyň asylly däbe öwrülendigini aýdyň görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» atly kitabynda Magtymgulynyň hikmetli setirleriniň gudratyna we ähmiýetine täzeçil ylmy nazaryýetde, sagdyn pikir gurşawynda hem-de usuly çemeleşmelerde uly orun berilmegi ähli döwürler üçin gymmatlydyr.

     Gahryman Arkadagymyzyň «Älem içre at gezer» atly romanynda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň şahyrana poeziýasynyň halkylygynyň, döwürleriň baş egýän, heňňamlaryň ezizleýän, göwünleriň telwas urýan setirleriniň giňden açylyp görkezilmegi, edebi ugurlar bilen dürli çeper derejelerde suratlandyrylmagy ähli döwürler üçin sarpalanmaga mynasypdyr.

     Gahryman Arkadagymyzyň 2023-nji ýylyň 17-nji awgustda paýtagtymyz boýunça iş saparyny amala aşyryp, Aşgabadyň günorta künjeginde ýerleşýän Magtymguly Pyragynyň medeni-seýilgäh toplumynyň çäklerinde alnyp barylýan işler hem-de Aşgabady ösdürmegiň möhüm ugurlaryna degişli şekil taslamalary bilen tanşanda özüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly täze goşgusyny okap bermegi diňe edebiýat janköýerleriniň däl, eýsem, tutuş külli türkmen halkynyň şahyra bolan söýgüsiniň çeper senasy bolup ýaňlandy.

 

Seýitmyrat GELDIÝEW,

Türkmenistanyň Söwda we daşary ykdysady

aragatnaşyklar ministrliginiň «Biznes reklama»

gazetiniň baş redaktory.

Meňzeş habarlar

02 Dekabr 2024 | 16 okalan

RUHY DÜNÝÄLERIŇ ŞAHYRY

26 Noýabr 2024 | 96 okalan

MAGTYMGULY WASPYŇ DILLERDE DESSAN