MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ ESERLERINIŇ TÜRKMEN ÝAŞLARYNA TÄSIRI

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan ýurdumyz ösüşiň iň täze belentlikleri bilen bagtyýar geljegine tarap ynamly öňe barýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz, peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyz tarapyndan ýurdumyzyň dünýäniň ösen döwletleriniň derejesine ýetmegi, halkymyzyň bagtyýar durmuşda ýaşamagy ugrunda döwlet we sebit ähmiýetli işler durmuşa geçirilýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda ýaşlaryň sazlaşykly ösüşi gazanmak, olaryň jemgyýetimizde eýeleýän ornuny pugtalandyrmak boýunça Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň goşgularyndaky terbiýeçilik ähmiýetli öwüt-nesihatlaryny, millilik, däp-dessur, edep-terbiýe kadalaryny, sagdyn durmuş ýörelgelerini, maşgala gymmatlygyny giňden wagyz etmek, ýaşlary şol ruhda terbiýelemek maksady bilen ýurdumyzda giň gerimli işler amala aşyrylýar.

     Bu günki gün şahyryň şygyrlary ýaşlarymyzyň dilinde we ýüreginde ýaşaýar. Akyldar şahyr «Daň atmazdan burun» atly şygrynda ýaşlarymyza ýüzlenip,: «Zynhar, ýaşulyňy syla» diýip belleýär, şeýle hem şahyr «Eýlegil özüň» atly goşgusynda: «Akyl gerekdir başda, zen-de, goja hem ýaş-da» diýmek bilen, akyl-paýhasyň islendik ýaşdaky ynsana zerurlygyny nygtaýar.

     Magtymguly Pyragynyň agzybirlik, Watana wepalylyk, mertlik ýaly gadymy we müdimi gymmatlyklarymyza bagyşlap ýazan öwüt-nesihat häsiýetli şygyrlary ýaşlar üçin ýol-ýörelgedir, görelde mekdebidir. 1944-nji ýylda uly ýaşly çagalar üçin goşgular ýygyndysy, 1983-nji ýylda ýaşlar üçin Magtymguly Pyragynyň ýaşlara niýetlenilen goşgulary çap edildi. Dana Pyragynyň «Ozal akan ýerden akarmyş aryk...» diýen setirlerini özüne nusga edinip gelýän ýaşaýan ýaşlaryň bilimli, ylymly ökde hünärmenler, kämil ahlakly, ilhalar, watansöýüji nesiller bolup ýetişmekleri baradaky işler hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda döwlet syýasaty derejesinde alnyp barylýar. ÝUNESKO-nyň Bütindünýä Ýaşlar jemgyýetiniň resmi agzasy bolan Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasy dana Pyragynyň adyny uly buýsanç bilen göterýär. «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň çäklerinde mähriban ýurdumyzyň her bir künjeginde, oba-kendinde döredijilik duşuşyklary, edebiýat agşamlary, halypa-şägirtlik söhbetleri, çeper okaýyşlar yzygiderli geçirilýär. Magtymguly Pyragynyň ömri-döredijiligini öwrenmek, onuň many-mazmuna baý şygyrlaryny wagyz etmek maksady bilen ýurdumyzyň dürli ulgamlarynda, edara-kärhanalarynda, mekdeplerinde, çagalar baglarynda ýaşlaryň arasynda alnyp barylýan işler aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Şeýle çäreleriň geçirilmegi ýurdumyzda zehinli ýaşlary ýüze çykarmak, olaryň hünärlerini kämilleşdirmek, döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlary höweslendirmek babatda uly ähmiýete eýedir.

 

Suraý BABANYÝAZOWA,

TMÝG-niň Mary welaýatynyň Sakarçäge etrap

Geňeşiniň Guramaçylyk bölüminiň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 96 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER