MAGTYMGULYNYŇ GOLÝAZMALARY DÜNÝÄNIŇ HAKYDASYNDA

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli mirasymyzy öwrenmek üçin uly mümkinçilikler döredildi. Milli gymmatlyklarymyzy, taryhymyzy we mirasymyzy ylmy esasda öwrenmekde golýazmalaryň bellibir bahasy ýokdur. Sebäbi her bir golýazma çeşmesi biziň geçmişimizi, taryhymyzy, edebiýatymyzy, dilimizi, däbimizi we dessurymyzy öwrenmekde ilkinji çeşme bolup hyzmat edýär. Türkmen halkynyň akyldary Magtymgulynyň arzuwlan zamanasy gelip ýetdi. Magtymguly Pyragyny indi dünýä tanaýar. Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň Sekretariatynyň hem-de Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň bilelikde iş alyp barmagy netijesinde golýazmalar toplumy ÝUNESKO-nyň «Dünýä hatyrasy» (Память мира) atly halkara Maksatnamasynyň çäklerine girizildi.

     Golýazmalar hazynamyzda beýik Magtymgulynyň 400-e golaý golýazmasy bolup, olaryň içinde iň irkisi 123-nji bukjada saklanýan golýazmadyr. Ol 1779-njy ýylda göçürilipdir. Soňky geçirilen takyk barlaglara we hasaplamalara görä, akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň diňe Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň hazynasynda saklanýan diwanlarynyň sany 80-e golaýlaýar. Şeýle hem Magtymgulynyň eserleriniň 50-ä golaý töweregi beýazlarda-antologiýalarda duş gelýär. Beýaz bolanda, ýagny ýygyndylar diýmekdir. Şol ýygyndylaryň içinde beýleki şahyrlaryň goşgulary bilen bir hatarda Magtymguly Pyragynyň goşgulary hem bar. Munuň daşyndan hem 200-e golaý elýazmalaryň başlarynda, aralarynda, ahyrlarynda, tekstleriniň gyralarynda-haşyýelerde Magtymgula degişli şygyrlar ýazylypdyr. Şonuň ýaly-da, şahyryň diwanlaryndan bölekler saklanyp galypdyr. Bu bolsa hazynamyzda saklanýan bir şahsa degişli golýazmalaryň san taýdan iň köpüsiniň Magtymguly bilen baglydygyny görkezýär. Bulardan başga-da şahyryň golýazmalarynyň iň köp saklanýan ýeri Türkmenistandan soň ikinji ýerde Özbegistanyň Daşkent şäheridir. Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň Gündogary öwreniş institutynda şahyryň 20-den gowrak diwanlary saklanýar. Sankt-Peterburgda 10 sany, Bakuwda 2, London, Budapeşt we Drezden şäherleriniň her birinde hem şahyryň bir diwany saklanýar. Umuman, bularyň hemmesini hasaba alsaň, Magtymgulynyň şygyrlarynyň duş gelýän golýazmalarynyň sany 350 töweregi bolýar. Halk arasyndan toplanyp, dilden ýazylanlary hem goşsaň bu san has hem artýar. Magtymgulynyň Sankt-Peterburgyň Geografiki jemgyýetçilik arhiwinde saklanýan golýazmasy Z. Muhammedowa tarapyndan öwrenildi. Özbegistanyň Ylymlar akademiýasynyň Biruny adyndaky Gündogary öwreniş institutynda saklanýan şahyryň 20-den gowrak diwany dürli ýyllarda edilen ylmy derňewleriň netijesinde surat nusgasy Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň fonduna getirildi. Şahryň diwanynyň Germaniýada, Britanýada we Wengriýada saklanýan golýazmalarynyň nusgalary hem getirildi. Häzirki wagtda şahyryň daşary ýurtlarda saklanýan diwanlarynyň aglaba böleginiň (tas hemmesiniň) nusgalary alnyp golýazmalar hazynamyza getirildi. Alym Annagurban Aşyrow Magtymgulynyň golýazmalaryny öwrenmekde uly işleri ýerine ýetirdi.

     Şu golýazmalary Magtymguly Pyragynyň ähli golýazmalary diýmek bolmaz. Ýokardaky agzap geçen golýazmalarymyz häzirki wagta çenli öwrenilip Magtymguly Pyragy degişlidigi anyklanylan golýazmalar. Şahyryň ýaşan döwrüniň kynçylyklaryna ser salsaň, onuň golýazmalarynyň biziň günlerimize näme üçin doly gelip ýetmändigine göz ýetirmek bolýar. Şahyr özüniň «Reýgan eýledi» şygrynda şeýle beýan edýär:

Golýazma kitabym sile aldyrdy,

Duşmanymy jeýhun derýa eýledi –

     ýa-da şol goşgynyň başga bendinde:

Ýazan kitaplarym sile aldyryp,

Gözlerim yzynda girýan eýledi –

     diýen şygyr setirlerine ser salsaň tebigy betbagtçylyk sebäpli onuň şygyrlarynyň sile gidendigini aňlamak bolýar. Diňe tebigy betbagtçylyklar däl, şol döwrüň jemgyýetçilik wakalary hem şahyryň golýazma eserleriniň ýok bolmagyna getiripdir. Muňa şahyryň şu setirleri şaýatlyk edýär:

Bäş ýylda bir kitap eden işimiz,

Gyzylbaşlar alyp weýran eýledi.

     Şahyryň zähmet çekip, zehin siňdirip döreden golýazmalarynyň, gör, näçesiniň ykbaly kül bolandyr. Ol golýazmalaryň nähili ykbal bilen ýok bolany entäk bize doly mälim däl. Şeýle bolsa-da, türkmen halky Magtymguly Pyragynyň şygyrlaryny ýat tutup dilden-dile geçirip biziň günlerimize getirip miras goýupdyr. Şahyryň goşgularyny ýaşuly gojalarymyzyň ýatdan aýdyp bilmegi ony türkmen halkynyň nähili söýýändiginden habar berýär. Häzirki wagtda Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli golýazmalar institutynyň alymlary, şeýle-de magtymgulyşynaslary tarapyndan şahyryň golýazmalary ilik-düwme edip öwrenilýär. Her ýylda ýurdumyzyň çäklerine, şeýle-de daşary ýurtlara ýörite ekspedisiýalar guralyp beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň golýazmalary gözläp, olara degişli maglumatlar derňew edilýär.

 

Maksat MEREDOW,

Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň

Magtymguly adyndaky Dil, edebiýat we milli

golýazmalar institutynyň ylmy işgäri.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 96 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 724 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER