Magtymguly Pyragy ynsan mertebesini belent derejä götermek ugrunda bütin akyl-paýhasyny, döredijilik kämilligini sarp eden türkmeniň parasatly akyldar şahyrydyr. Pyragynyň baý döredijiligi umumadamzat bähbitlerini goldaýan, ynsan mertebesini beýgeltmäge gönükdirilen, wagt synaglaryndan geçip, geljegi nazarlaýan pikirleri bilen örän uly ähmiýete eýedir
Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň ylmy eserleri türkmen halkynyň milli mirasyny, geçmiş taryhyny öwrenmekde gymmatly çeşmedir. Onuň eserlerinde Magtymgulynyň döredijiligine, ylmy mirasyna uly orun berilýär. Milli Liderimiziň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly kitabynda «Beýik türkmen akyldary Magtymguly Pyragynyň ündän ýörelgeleri türkmen jemgyýetinde hemişe-de berjaý edilipdir. Onuň aşakdaky setirleri bolsa jemgyýetimiziň esasy ýaşaýyş kadalarynyň birine öwrüldi. Şahyryň:
Ýetimi göreňde, güler ýüz bergil,
Goldan gelse, oňa tagam-duz bergil,
Bir gamly göreňde, şirin söz bergil,
Entäni goldara hemaýat ýagşy
diýen setirleri türkmen halkyna mahsus bolan haýyr-sahawatlylygyň, birek-birege hormat goýmak, sylamak ýaly ajaýyp gylyk-häsiýetleriň eriş-argaç bolup geçýändigini we şeýle asylly ýörelgeleriň halkymyzyň edep-kadalaryna öwrülendigini görkezýär».
Gahryman Arkadagymyz bu eserinde «Haýyrsöýer, sahawatly bolmak eý görlüpdir. Hut şonuň üçinem Magtymguly Pyragy «Ýabandaky suwsuz aryga ogşar, // Her kimiň sahawat-haýry bolmasa» diýmek bilen, haýyr-yhsandan, sahawatdan gaça durýan ynsanlary çöl-sähralykdaky suwsuz aryga meňzedipdir» diýip belleýär.
Söz ussady Magtymguly Pyragynyň goşgularynda adamzady belent derejä götermek bilen ynsana mahsus häsiýetde bolmalydygyny, ynsana bir-biregi ynjytmazlygy, niýetiň ýagşa tutmaklygy, mätäje kömek bermekligi, haýyr-yhsanly bolmaklygy, umuman aýdylanda, adamzat dünýä gelip öz ynsanlygyny unutmazlygy ündäpdir.
Gahryman Arkadagymyz «Döwlet guşy» romanynda Magtymgulynyň «Ýeldim tut» goşgusyny mysal getirmek bilen, her bir kynçylygyň öz alajynyň, çykalgasynyň bardygyny, ynsanyň ähli zady ýeňip biljekdigini, ejizlemeli däldigini, mert bolup, öz başarjaňlygyna ynanmalydygyny, mätäçligini diňe Haka bildirip, özgä bildirmeli däldigini, sabyr-kanagatly şükürli bolmalydygyny ündeýär. Milli Liderimiz «Döwlet guşy» romanynda «Görüň-ä, Magtymgulynyň diýiberşini! Hiç däninim, ruhdan düşmeli däldir, adamlar» diýlen sözler Magtymgulynyň goşgusynyň ähmiýetini görkezýär we hiç wagt ruhdan düşmeli däldigini nesihat berýär.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň eserlerinde Magtymguly Pyragynyň döredijiligine aýratyn uly ähmiýet berilýär. Şahyryň şygyrlarynyň ýaş nesli watançylyk ruhunda terbiýelemekdäki orny, Magtymgulynyň döredijiliginiň umumadamzat mirasyna goşandy giňişleýin açylyp görkezilýär.
Arzuw BEKIÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen
Döwlet uniwersitetiniň mugallymy.