Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Ýaşlar – Watanyň daýanjy» atly kitabynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly hakynda söhbet edýär. Bu ýylyň Gahryman Arkadagymyzyň şygry bilen atlandyrylmagy hakynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz şeýle belleýär: «...Türkmen ýaşlaryna döwletliligimiziň ýene bir sahypasyny belent üstünlikler bilen doldurmaga çagyryşdyr. Öňümizdäki bir ýylymyzy, soňra bütin ömrümizi Magtymguly bolup ýaşamaga çakylykdyr». Munuň şeýledigini üstümizdäki dowam edýän ýylyň halkymyzyň kalbyna eçilýän buýsançly duýgularyndan hem görmek bolýar.
«Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy» diýlip baha berilýän Magtymguly Pyragynyň şygryýet älemi şol şygyr älemini örboýuna galdyryp, mynasyp baha beren Gahryman Arkadagymyzyň ylhamly dünýäsi ýaşlar üçin ruhy ýörelgedir. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijilerine iberen gutlag hatynda «Hormatly Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» goşgusy döredijilik bilen meşgullanýan ýaşlar üçin nusgadyr» diýip bellemegi hem munuň aýdyň subutnamasydyr.
Magtymguly Pyragynyň şygryýet älemi ýaş döredijileriň ylham çeşmesine öwrüldi. Şeýle dörediji ýaşlaryň birnäçesi biziň Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetimizde bilim alýarlar.
Akyldar şahyrymyzyň parasata ýugrulan beýik taglymatlaryny şygyr setirlerine siňdirmekde ussatlyk görkezýän ýaş şahyrymyz «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly döredijilik bäsleşiginiň ýeňijisi Gülnar Geldimyradowanyň «Hyýaly ýüzlenme» şygrynda poeziýanyň Pyragynyň dilinde gürleýänligi, dünýäniň sesinde akyldaryň sesiniň bardygy, ylham diýlende diňe Pyragynyň göz öňünde janlanýandygy beýan edilýär. Şygryň jemlemesinde:
Ýer şary çarhyny aýlaýyp dursa,
Asla saňa barýan ýollar gutarmaz.
Türkmeniň adyny Pyragy diýip,
Seniň adyň «Türkmen» diýip tutarlar
diýlip baha berilmegi, bütin türkmen halkynyň akyldar şahyra sözden diken heýkeliniň beýany bolup ýaňlanýar.
Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy hakynda uniwersitetimiziň talyby, ýaş şahyrymyz Göwher Gurbanowanyň «Umman» atly şygrynda hem täsirli baha berilýär. «Şeýle bir umman bar, bar onda jady» diýlip söze başlanýan bu şygyrda akyldar şahyryň döredijiliginiň Ýer-gök arasynda gudratly güýçdügi beýan edilýär. Şygyrda şahyryň döredijiligi bilen bütin barlygyň dem alýandygy, giň jahanda yrylmajak baýlykdygy, kalplara muhabbet nuruny paýlaýandygy beýan edilýär.
Şeýle setirleriň süňňünde Watanyň, milletiň beýik ogullarynyň – şahsyýetleriniň bardygyna bolan çuňňur buýsanç duýulýar. Bu şahyrlaryň döredijiligindäki Magtymguly Pyragynyň waspy ähli ýaş nesilleriň ýürek seslenmesi bolup ýaňlanyp dur we ol hemişe ýaňlanyp durar.
Aýjemal HAJYÝEWA,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
Türkmen dili kafedrasynyň mugallymy.