Gahryman Arkadagymyzyň türkmen halkynyň medeniýetini, onuň ruhy dünýäsini, medeni mirasyny dünýä tanatmak ugrundaky taýsyz tagallalary esasynda beýik şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligi giňden öwrenilýär. Şygryýet äleminiň göwher daşy bolan Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň buýsanjy bolmak bilen, ol diňe türkmen edebiýatynyň däl, tutuş dünýä ylmynda uly yz galdyran şahsyýetdir.
Magtymguly Pyragynyň goşgulary türkmen diliniň kämilleşmeginde uly ähmiýete eýe boldy. Ata-babalarymyz Pyragynyň goşgularyny köpçülikde, toýlarda dutara salyp, aýdym hökmünde nesillerden-nesillere getiripdirler.
Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Magtymguly Pyragynyň döredijiligi barada şeýle belleýär: «Dünýä kartasyndaky ummanlardan başga, adamzat aňynda ýene bir umman bar, oňa «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýilýär».
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň döredijiligine ýokary baha berip: «Magtymguly Pyragy sözüň güýji, gudraty bilen şygryýet äleminde ady arşa galan beýik akyldar şahyrdyr. Magtymgulynyň şygryýet älemi – türkmen edebiýatynyň buldurap akýan, çuňňur mana we çeper söze teşne kalplary gandyrýan çeşmesi» diýip belleýär.
Söz – gudratly güýç, ynsana berlen nygmat. Ony gerek ýerinde dogry ulanmak köp zady özgerdip bilýär. Şahyryň: « Magtymguly, sözüm gysga, şerhi köp» diýmek bilen, şygyrlarynyň many-mazmunynyň çuňdygyny şahyrana beýan edipdir. Beýik akyldaryň goşgulary şygyr ussatlarynyň ýol-ýörelgesine öwrülipdir. Türkmen edebiýatynda uly yz galdyran şahyrlarymyzyň biri bolan Nurmyrat Saryhanowyň «Kitap» hekaýasynda türkmeniň beýik şahyry Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy barada söhbet açylýar. Hekaýanyň baş gahrymany Welmyrat aganyň keşbi arkaly türkmen halkynyň ägirdine hem-de onuň döredijiligine bolan söýgüsi ynandyryjy suratlandyrylýar.
Gahryman Arkadagymyz özüniň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» atly şygrynda şahyryň beýik şahsyýetdigini ýene-de bir gezek açyp görkezmek bilen:
«Üç asyryň dowamynda geçen ýoly uludyr,
Halkyň hem adamzadyň sadyk-sytdyh guludyr,
Hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymgulydyr,
Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy.
Onuň Alyjenaby Magtymguly Pyragy»
– diýip belleýär. Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyragynyň eserlerini dürli dillere terjime edilmegi, dürli ýurtlarda dana şahyrymyzyň ýadygärliginiň dikeldilmegi, baý edebi mirasymyzyň çuňňur öwrenilmegi ugrunda has uly tagallalar edýär.
Mekan ŞAMÄMMEDOW,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň
Döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.