GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «DÖWLET GUŞY» ROMANY – MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGINI ÖWRENMEKDE GYMMATLY ÇEŞME

     Magtymguly Pyraga beýik sarpa Alym Arkadagymyzyň «Ynsan kalbynyň öçmejek nury», «Ömrümiň manysy», «Ömrümiň manysynyň dowamaty» kitaplarynda, «Älem içre at gezer», «Döwlet guşy» romanlarynda, ylmy, ylmy-publisistik eserlerinde bütin aýdyňlygy bilen beýan edilýär.

     Gahryman Arkadagymyzyň öňe sürýän edebi taglymatlary Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny täze nukdaýnazar esaslarda öwrenmäge badalga boldy. Magtymgulynyň edebi mirasynyň gadyr-gymmaty, onuň manyly ömrüne ýokary baha Gahryman Arkadagymyzyň ýiti zehininiň önümi bolan «Döwlet guşy» atly romanynda çuň mazmunly pikirler bilen teswirlenmek arkaly aýdyň beýanyny tapýar. Roman häzirki zaman türkmen edebiýatynda täze bir edebi hadysa döretmek bilen, milli edebiýatymyzyň gazanan ähli çeperçilik tejribesini özünde jemläp, çeper beýany, ideýa özboluşlylygy bilen tapawutlanýar.

     Romanda Magtymguly Pyragynyň ruhy keşbi özboluşly, has täsirli janlandyrylýar. Magtymgulynyň adamy ahlak halallygyna eltýän ýollary gözleýän, adamyň paýhas duýgularyna täsir edip, özgerdip bilýän şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti nazara alynýar.

     «Döwlet guşy» romanynda baş gahrymanlaryň dünýägaraýşyny açyp görkezmegiň, agyr günleri mertlik bilen çekmegiň özeninde milletiň ruhy hem akyl keşbi Magtymgulynyň edebi eserleri, eserleriň terbiýe berijilik, öwredijilik ähmiýeti durýar. Romanda türkmen halkynyň ruhy lukmany Magtymgulynyň eserleriniň gymmaty, halka edýän täsiri, eseriň başyndan aýagyna çenli hereket edýän, şahyryň goşgularynyň köpüsini ýatdan bilýän we ony täsirli okamagyň ussady bolan Mälikgulynyň çeper keşbiniň üsti bilen okyjylara ýetirilýär. Mälikgulynyň edebi keşbiniň kämil bolmagynda awtoryň daýanç sütünleriniň biri-de Magtymguly Pyragydyr. Baş gahryman ejizlejek wagty şahyryň goşgulary arkaly öz-özüne göwünlik berýär, ondan ruhy güýç alýar.

     Romanda akyl dürüniň egsilmez hazynasy bolan Magtymgulynyň öňe sürýän pikirleriniň nakyllar bilen mynasybeti hem çeper beýan edilýär: «Pederlerimiz bir pähim döredipdir: «Il bilen gelen ölüm toý-da-baýram» diýipdir. Wagtyň geçmegi bilen, adamlar bu pähimden «ölüm» sözüni aýryp taşlapdyrlar. ...Magtymguly atamyz bu pähimi has ýönekeýleşdiripdir: «Goç ýigide toýdur-baýram, her iş gelse il biläni».

     Türkmen ýaşulularynyň Magtymgulynyň eserlerine sarpasy romanda Berkeli aganyň keşbi arkaly açylyp görkezilýär: «...Peşe diýip agyrtmagyl, içinde jany bardyr» diýýärmi Magtymguly?! «Oturmaýyn» diýip, biziň göwnümize degmekçi bolýarsyňmy?»

     Romanda Magtymgulynyň goşgularyna salgylanylyp, türkmeniň gadymy sözleriniň many-mazmuny hem açylyp görkezilýär: «Ýigrimi alty keret ýüz müň är bile,// Karun hazynasyn ele aldym tut». Magtymgulynyň «keret» diýýäni million bolmaly» diýip, Berkeli aga goşga düşündiriş berer».

     Umuman, Gahryman Arkadagymyzyň edebi döredijilik zehininden dörän «Döwlet guşy» romany okyjylarda iň gowy häsiýetleri terbiýelemekde gymmatly eserdir.

 

Aýna ÇARYÝEWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen

döwlet uniwersitetiniň aspiranty.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 62 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 694 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER

07 Noýabr 2024 | 655 okalan

ÝUSUP DIÝE-DIÝE