Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet ýolbaşçylygynda bagtyýar halkymyz ýurdumyzda erkana, asuda hem-de eşretli zamanada ýaşaýar. Çünki, bu gün türkmen iline şygryýet äleminiň beýik ussady, «Berkarar döwlet islärin» diýen Magtymguly Pyragynyň arzuwlan ajaýyp zamanasy geldi.
Hawa, Magtymguly Pyragy beýik akyldar şahyr, watançy hem söz äleminiň zergäri hökmünde türkmen halkyny agzybirlige, asudalyga, parahatçylyga we gaýratlylyga çagyran halkyň ruhy ganatydyr, umumadamzat medeniýetiniň altyn hazynasyna uly goşant goşan beýik şahsyýetdir. Onuň döwürdeşleri Mahmyt Gaýyby, Şeýdaýy, Abdylla Şabende, Gurbanaly Magrupy ýaly zehinli şahyrlar hem ol barada ajaýyp jümleleri aýdypdyr. Hat-da, onuň öz halypasy Durdy şahyr hem: «Meniň eserlerimi sil alar, Magtymgulynyň eserlerini il alar» diýip, onuň beýik şahyr boljagyny öňünden aýdyp geçipdir.
Şahyr Berdinazar Hudaýnazarow «Magtymguly kalba täsir edýänlerden däl, kalba häkimlik edýänlerden, ol goldawa mätäçlerden däl, özi tutuş halky goldap bilýänlerden, şöhratyň gaşynda pelesaň kakýanlardan däl, özi şöhraty ýaradanlardan. Aý bilen Güne, asman hem-de ýyldyzlara könelme ýok. Magtymgula-da könelme ýok» diýip bellän bolsa, belli şahyr Kerim Gurbannepesow hem «...Magtymgulynyň poeziýasy Ýer ýaly sada, şonuň bilen bir wagtda-da Ýeriň özi ýaly baý hem-de çylşyrymly».
Her bir halkyň beýikligi onuň dünýä beren beýik ogullary bilen ölçenilýär. Bu günki gün diňe bir türkmen edebiýatyny däl, eýsem, dünýäniň nusgawy şygryýetini Magtymgulysyz göz öňüne getirmek mümkin däl. Çünki şahyryň şygyrlary adamzat kalbyna nur saçýar. Bu babatda türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz Magtymguly Pyraga bagyşlap ýazan «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly ajaýyp kitabynda beýik şahyryň döredijiligine düýpli seljerme berip, şeýle diýýär: «Ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň, bitewüligiň, agzybirligiň aýdymy bolup ýaňlanýan Magtymguly Pyragynyň şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşydyr.»
Dogrudan hem, türkmen nusgawy edebiýatynyň düýbüni tutan, söz mülküniň hökmürowany, akyldar Magtymguly Pyragy öz ýaşan zamanasynyň aýnasy bolup, onuň döredijiligi durmuşyň ähli ugurlaryny öz içine alypdyr. Akyldar şahyryň şygyrlary umman ýaly, derýa deýin akgynly, dür ýaly gymmatly, merjen deý çeper. Hut şonuň üçin-de, şahyryň döredijiligi Jemşidiň jamyna meňzedilipdir.
Magtymguly Pyragynyň welilik bilen ýazan şygyrlary türkmen halky üçin tapylgysyz terbiýe mekdebi bolup, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe adamlaryň belent ruhuna ruh, mizemez ynamyna ynam goşýar. Müdimilige öwrülen her bir setiri, ata Watana, türkmen topragyna çäksiz söýgi ýugrulyp, onda watansöýüjilik, mertlik, gaýduwsyzlyk çeper beýan edilýär. Halkymyzyň söz sungatynyň kerwenbaşysy hasaplanylýan nusgawy şahyryň eserleri ynsan kalbynyň töründen orun alýar. Şahyryň döredijiliginiň özeni türkmeniň gadymy hem baý halk döredijiliginde gözbaş alýar. Hut şonuň üçin-de akyldar şahyrymyzyň edep-terbiýä, ahlaklylyga, zähmetsöýerlige çagyryşly şygyrlary, türkmen halkynyň aňyna ymykly ornap, köňüllerimiziň ylham çeşmesi bolup hyzmat edip gelýär.
Hakykatdan hem, özbaşdak, özygtyýarly döwlet bolunmagyny bütin ömrüne şygyrlarynda çeper beýan eden akyldar şahyryň arzuwlan ajap eýýamynyň Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň saýasynda hasyl bolandygyny ýatlamak kalbyňa nur çaýýar. Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň sahawatly saýasynda, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwlet baştutanlygynda ata Watanymyz Türkmenistan döwletimizi dünýä tanap, halkara abraýy arşa göterilýär. Bularyň hemmesi, Magtymguly atamyzyň ömürboýy arzuwlan zamanasynyň dabaralanýandygyny äşgär edýär.
Häzirki wagtda hem, Magtymguly Pyragynyň dünýä edebiýatynyň altyn hazynasyna giren baý hem-de gymmatly edebi mirasyny, dünýewi garaýyşlaryny, şygyrlaryndaky pelsepe älemini, şol sanda tutuş Gündogaryň ylmy-medeni durmuşy bilen aýrylmaz baglanyşygyny döwrebap sanly tehnologiýalaryň üsti bilen açyp görkezmek, şahyrana dünýäsine halkara ylmy-edebi jemgyýetçiliginiň ünsüni çekmek maksady bilen 2024-nji ýylda Gündogaryň beýik akyldary we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň çäreleri giň gerime eýe bolýar. Şeýle dabaraly çäreler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her bir gününi şatlyk-şowhuna besleýär. Munuň özi akyldar şahyrymyzyň belent mertebesine goýulýan sylag-sarpany aňladýar.
Mahlasy, ynsan kalbyna egsilmez genji-käni, ruhy baýlygy peşgeş beren beýik akyldara goýulýan sarpa, onuň gaýtalanmajak edebi mirasyny öwrenmäge döredilýän giň mümkinçilikler akyldar şahyryň arzuwlan parahat, asuda durmuşyny kemala getirmekde goldaw bolýar.
Goý, türkmen halkyny röwşen geljege, ýagty menzillere atarýan, türkmeniň beýik şahsyýetlerine hormat-sarpa goýýan, olaryň ykbalyny arşa göterýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag bolsun, ata Watanymyzyň ösüşli, röwşen ýollary rowaçlyklara beslensin!
Aýjeren GELDIÝEWA,
TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň müdiri.