Beýik şahyr Magtymgulynyň goşgulary ara näçe wagt düşüp, ýyllar geçdigisaýy, döwür üýtgäp, zamana täzelendigiçe barha öwüşgin tapyp, töwerege şöhle saçýar. Täze ugra gönükdirilen edebiýatymyzyň şu günki belentliklerinde Magtymgulynyň ussatlygy, ündeýän ruhubelentligi şeýle bir giňişleýin açylyp görkezilýär welin, halky edebiýatyň bu belentlikleri dünýä medeniýetiniň giňişliklerine-de barha batyrgaý aralaşyp barýar.
Türkmen halky Magtymguly Pyraga ýöne bir şahyr hökmünde däl-de, geçeni-geljegi öňünden bilýän akyldar hökmünde çemeleşip, onuň bilen baglanyşykly zatlaryň hemmesine mukaddeslik hökmünde seredipdir. Ine, hut şonuň üçin hem Gahryman Arkadagymyz, Arkadagly Gahryman Serdarymyz Magtymgulynyň şygryýetiniň belentligi barasynda gürrüň gozgalanda, ony kimdir biriniň şygryýeti bilen deňeşdirjek bolup durmaýarlar-da, beýik şahyryň özüniň şygryýetiniň ýeten belentligi dogrusyndaky söhbete başlaýarlar. Akyl-parasata diýseň baý bu akyldaryň şygyrlarynyň halkyň arasyndaky meşhurlygyny nazara alyp, adamynyň ýoluny pygamberlik bilen utgaşdyrýar. Magtymgula beýle belent baha berilmegine itergi beren pursat bolsa, öňi bilen onuň türkmen halkynyň mertebesiniň, onuň ar-namysynyň, ynsan ölçeginiň şahyryň goşgularynyň özenini düzýänligi bilen baglanyşyklydyr. Beýik şahyr Gündogar edebiýatynyň nusgalaryny, dünýä akyldarlarynyň pähim-paýhasyny içgin öwrenip, zamanasynyň öňe süren ugurlary bilen utgaşdyrmagy başarypdyr.
«Gorkut atany», «Göroglyny» halkyň göwnünden turýan gaýry eserleri başyna täç edinen Magtymgulynyň şygyrlaryndaky halkyň ahlak sypatlaryny ündeýän pähim-paýhaslaryny içgin yzarlan Gahryman Arkadagymyzyň «Magtymguly Gündogaryň beýik akyldarlarynyň dürdäne poeziýasynyň many-maňzyny öz şygyrlary arkaly halkyna beren ynsandyr» diýen dana sözleri beýik şahyrymyza bolan täzeçe garaýyşlary aňladýar.
Gahryman Arkadagymyzyň «Magtymguly Pyragynyň Jemşidiň jamy ýaly, gyrasyna kaksaň dünýäniň geçmişi, geljegi, şu güni görnüp duran şygyrlarynyň mertebesini dünýä akyldarlyk hazynasyna goşmaga wagt ýetdi. Indiden beýläk Magtymguly Pyragynyň ady dünýä akyldarlarynyň hatarynda tutular ýaly yhlas etmeli» diýip aýtmagy-da, dana şahyra goýulýan uly sarpadyr.
Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde türkmeniň ata-baba dowam edip gelýän däp-dessurlary, adamlaryň gylyk-häsiýetleri şeýle bir giňişleýin hem ynandyryjylykly beýan edilýär welin, göwnüňe bolmasa, olar bir wagtlar bolan däl-de, hut häzir gözüň öňünde bolup geçýän hakykat ýaly, şahyranalyk bilen açylyp gidip otyr. Indi diňe resmi dabaralarda däl-de, eýsem, mesawy gürrüňçilikde hem Magtymgulynyň goşgularyna ýüzlenýäniňi duýman galýarsyň.
Magtymgulynyň «Kaýda sen» goşgusy şahyryň enesinden aýra düşen pursadyny beýan edýär:
Aýra düşmez käkilik, çölde goýuban balasyn,
Aglaýyr bilbil mydam, äleme ýaýyp nalasyn.
Bu goşguda şahyryň enesinden aýra düşüp, oda – köze düşüşini göz öňüne getirýän pursatlar ene mertebesiniň belentliginiň mizany bolup dur. Magtymguly bu goşgusyny jahyl wagtynda, eserleriniň il söýgüsine mynasyp bolan döwründe ýazandygyny goşgy setirleriniň üsti bilen göz ýetirmek mümkin
Magtymgulynyň «Kaýda sen» goşgusy onuň käbesinden aýra düşen pursadyny alamatlandyrsa, şahyryň «Atamyň» hem «Azadym kany» şygyrlary onuň eziz kyblasy Döwletmämmet Azadydan jyda düşen wagtlaryndaky ahy-nalasyny häsiýetlendirýär.
Aýna GURBANSÄHEDOWA,
Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersitetiniň Jemgyýeti öwreniş ylymlary kafedrasynyň mugallymy.