NESILLERE MILLI TERBIÝE BERMEKDE MAGTYMGULYNYŇ DÖREDIJILIGINIŇ ÄHMIÝETI

     Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow »Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragy geljek nesillere baý edebi mirasy galdyrypdyr. Onuň döredijiligi sözüň doly manysynda türkmen halkymyzyň milli baýlygyna, ruhy hazynasyna öwrüldi» diýip, oňa ýokary baha berýär. Türkmen ýaşlarynyň bilimli, giň dünýägaraýyşly, sagdyn ruhly, zähmetsöýer, watansöýüji, arassa ahlakly bolup ýetişmeklerinde şahyryň öwüt-nesihata ýugrulan şygyrlarynyň terbiýeçilik ähmiýeti örän uludyr.

     Şahyryň durmuşy, ýaş nesli terbiýeläp ýetişdirmek bilen bagly goşgulary hem watançylyk, gahrymançylyk hakyndaky şygyrlary bilen sepleşip gidýär. Bu topara girýän eserlerinde ol adamlaryň gündelik ýaşaýşynda duş gelýän çilim çekmek, nas atmak, arak-şerap içmek, gybatkeşlik, ogrulyk, hapaçylyk ýaly ýaramaz gylyk-häsiýetleri, endikleri paş edipdir. Magtymguly döwürdeşleriniň, geljekki nesilleriň hem beden we ruhy taýdan sagdyn bolmagyny, olaryň jemgyýete, ýurda peýda getirmegini, gündelik durmuşa höwesli bolmaklaryny isläpdir. Şu maksat bilen hem ol şeýle ýaramaz häsiýetleri, endikleri paş edip, olary her hili zyýanly pişelerden el çekmäge, ogrulykdyr gybatkeşligi goýmaga, arassaçylyga, päklige çagyrypdyr. Şu maksat bilen hem şahyr «Çilim», «Çilimkeş», «Çilim çekmegil», «Nas atan», «Naskeş», «Munda çilimkeş» atly goşgularyny döredipdir.

Kuwwatyň kemelder, güýjüň azdyrar,

Keýpi kellä gelse, aklyň azdyrar,

Süňňüňi syzdyrar, etiň gyzdyrar,

Bir nyşana budur sende, çilimkeş.

     Magtymguly Pyragy adamlaryň birek-birek bilen hoşamaý gatnaşyk saklamalydygy, ejize, ýetime, hor-homsa ýagşy sözleri aýtmalydygy barasynda hem ýatlap geçýär:

Ýetimi göreňde güler ýüz bergil,

Goldan gelse, oňa tagam-duz bergil,

Bir gamly göreňde, şirin söz bergil,

Entäni goldara hemaýat ýagşy.

     Magtymgulynyň bu öwüt-nesihat, terbiýeçilik häsiýetli şygyrlarynyň many-mazmuny we öňe sürýän pikirleri adamkärçiligiň belent hem asylly sypatlaryna, adam ruhunyň gözelliklerine, täsinliklerine, ruhubelentlige ýugrulandyr. Şahyr halkyň asyrlaryň dowamynda adamkärçilik, edep-terbiýe, görüm-görelde babatda toplan baý tejribesini giňden peýdalanmak bilen, olary döwrüň talaplaryna laýyklykda timarlapdyr, tertibe salypdyr, şeýle hem olary ösdüripdir, baýlaşdyrypdyr.

     Türkmen halkynyň beýik akyldary, şahyry, filosofy, başarjaň wesýetçi terbiýeçisi Magtymgulynyň döredijiliginiň agramly bölegi nesillerden-nesillere ýetirilmek bilen, ynsanlaryň kalbyna ornaşyp, Garaşsyz hem baky Bitarap döwletimiziň gülläp ösmegine, Berkarar döwletimiziň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bilim-terbiýe alýan ýaş nesillerimizi milli ruhda terbiýelemäge özboluşly ýolgörkeziji bolup çykyş edýär.

 

Züleýha MELÄÝEWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň

Taryh fakultetiniň Türkmenistanyň taryhy kafedrasynyň mugallymy

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 62 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 694 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER

07 Noýabr 2024 | 655 okalan

ÝUSUP DIÝE-DIÝE