GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ ESERLERINDE MAGTYMGULYNYŇ MERTLIK PELSEPESI

     Beýik akyldar Magtymguly Pyragy barada: Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda: «Ruhy baýlyk ebedi ýaşaýar. Magtymguly akyldaryň mirasy hem şeýle baýlykdyr» diýip nygtaýar.

     Magtymguly Pyragy terbiýe meselesinde watançylyk terbiýesini ilkinji nobatda goýýar. Watansöýüjiligiň özeninde bolsa mertligi binýatlaýar. Akyldar mertligi ýürege, kalba öwrüp, ony ýüregiň batyrlygy, gaýduwsyzlygy, edermenligi hökmünde şöhlelendirýär. Ýaş ýürek özüniň mertligi bilen Watan merdi, gahrymany bolýar. Magtymguly Pyragy mertligi ähli ahlak kadalarynyň öňbaşçysy saýyp, şeýle setirleri ýazypdyr:

Mert çykar myhmana güler ýüz bile...

 

Mert ogludyr, ile ýazar desterhan,

Dogry söz üstünde berer şirin jan.

 

Mert oldur ki bolsa köňli rehimli,

Göwresi giň gerek, özi pähimli.

     Magtymguly Pyragy watançylyk terbiýesini naýbaşy hasaplap, asyl ýigitligiň, hakyky gerçekligiň, mertligiň keşbini gymmatly setirlerde jemläp, ony ar-namysyň iň bir ýokary derejesine çykarýar. Şeýle-de şahyr: «Endişeli iş bitirmez, // Meýdanda däli bolmasa» diýýär. Meýdan bu ýerde ýurdy hem durmuşy aňladýar. Dünýä geldiňmi, ýurt goýnunda merdana goragça öwrülip, batyr, merdem bolup ýaşamaly. Ine, watançylygyň, gerçekligiň kesgitleýji aňrybaş bahasy. Türkmeniň asyl häsiýetiniň mertlige, berk lebizlilige ýugrulanlygyny aýdyp, Magtymguly Pyragy şol türkmen mertligini adamzat mertligine goşýar, ýagny döwlet berkararlygynda hasyl edýär. «Türkmen binasy» şygrynda bu hakda şeýle ýazýar:

Aryplary dem-dem geler, toýy bardyr her zaman,

Merdi-merdan sözlüdir ol, ýokdur köňül hilesi.

     «Ol merdiň ogludyr, mertdir pederi, // Görogly gardaşy, serhoşdyr seri» diýip, peder mertliginiň nusgasy hökmünde Görogly begi beýik watançy gahryman edip goýýar. Ine, saňa durmuşy mertlik! Şeýle watançy ýürekli bolup bilseň, akyldaryň aýdyşy ýaly: «Goç ýigide toýdur-baýram, // Her iş gelse il biläni». Bu bolsa hemişe kämillige ser urmak, ony belent sarpalamak, kämile gol bermek bilen ömre we ykbala nagyşlanýar: «Är yzynda gezseň, är dek bolar sen». Mertlikde sahawat bar, iki dünýä jomartlyk bar». «Mert ýigit baryn ýoklamaz, // Her iş gelse il biläni».

     Ine, şeýle türkmen mertliginden «Mertler Watany beýgeldýär, Watan mertleri beýgeldýär» diýip belleýän Gahryman Arkadagymyzyň bu ugurda bitiren işleri sanardan köpdür. «Merdi-merdan sözli», «aryf-dana» türkmeniň bir lebizlilik häsiýetinden gelip çykýan özara ynanyşmak, maslahatlaşmak, parahatçylykly çözgütleri tapmak ýaly pähim-parasadyny häzirki zaman dünýäsinde ykrar etdiren hormatly Arkadagymyzyň mertlige ýugrulan beýik watançylyk ýoly dünýä we adamzat bilen ebedilik birleşýär.

 

Mähri NURLYÝEWA,

Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň

döwlet lukmançylyk uniwersitetiniň mugallymy.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 62 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 694 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER

07 Noýabr 2024 | 655 okalan

ÝUSUP DIÝE-DIÝE