ARZUWLARYŇ HASYL BOLDY PYRAGY

     Dünýä medeniýetiniň nusgawy genji-hazynasynda mynasyp orun alan Magtymguly Pyragynyň çuňňur pähim-paýhasa ýugrulan eserleri hem-de pelsepewi garaýyşlary, jebislik, sahawatlylyk, watansöýüjilik, edep-terbiýe hakyndaky pikirleri, öwüt-ündewleri türkmen jemgyýetiniň ruhy taýdan kämilligine, ýaş nesliň ruhy sagdynlygyna gönükdirilen döwlet syýasatynyň özenini düzýär. Akyldaryň «Berkarar döwlet istärin» diýip, milli döwletlilik, agzybirlik, parahatçylyk, abadançylyk babatdaky eden arzuwlary bu günki gün doly hasyl boldy. Halkyň agzybirligini we parahat durmuşyny hem-de jemgyýetiň bitewiligini üpjün edýän berkarar döwlet, Watanyň erkinligi, asudalygy, halkyň abadan durmuşy hakynda arzuw eden şahyryň goşgulary ruhy-ahlak ýörelgeleriň gymmatly hazynasyna öwrülip, häzirki zaman jemgyýetiniň, nesilleriň ruhy taýdan kämilleşmegine, olaryň ahlak sagdynlygyna özüniň oňyn täsirini ýetirýär.

          Magtymguly Pyragynyň şygyr diwanlary nesillerde watansöýüjiligi, ynsanperwerligi terbiýelemekde gymmatly ruhy çeşme bolmak bilen, olarda türkmen halkyny birleşdirmek, özbaşdak döwlet gurmak meselesine uly ähmiýet berilýär. Şahyr öz eserlerinde ýaşan döwrüniň jemgyýetçilik gurluşynyň aýratynlyklaryny suratlandyrmak bilen, hemmeleri watançylyga çagyrýar. Çünki Magtymguly berkarar döwleti gurmakda watançylyk ruhunyň ähmiýetine aýdyň göz ýetiripdir. Ol öz şygyrlarynda Watana söýgini, adamlaryň ýagşylyklaryny taryplap, nogsanlyklaryny tankytlapdyr. Akyldar şahyr her adamyň dogduk mekanynda, berkarar Watanda ýaşamagynyň waspyny çeper beýan edip:

Eşit adam, dogan ilden ―

Gaýry mähriban ýurt bolmaz ―

     diýen setirleriniň üsti bilen ata Watana bolan söýgini terbiýeleýär.

Ömrüňi ötürgil jemagat bilen ―

     diýip, watandaşlarynyň her işde halk bilen bile bolmaklaryny nygtap, olary agzybirlikde ýaşamaga çagyrýar.

     Dana şahyrymyzyň arzuwlan berkarar döwletinde  türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň peder ýoluny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda adamyň hukuklaryny we azatlyklaryny goramaga, ykdysadyýeti, ylmy, medeniýeti hemmetaraplaýyn ösdürmäge, ilatyň ýokary ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün etmäge ähli şertler döredilýär. Şeýle şertleri döredip berýän Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, başlary dik, alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaç bolsun!

 

Mähri ÖWEZOWA,

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen

oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 88 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 711 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER