Magtymguly Pyragynyň söz we paýhas mirasy umumadamzat gymmatlyklaryna öwrülip, her ynsanyň dünýäsine özboluşly täsir edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Änew – müňýyllyklardan gözbaş alýan medeniýet» atly kitabynda: «Magtymguly Pyragynyň goşgulary ýöne bir duýga ýugrulan goşgular däldir, olar beýik akyl-paýhas taglymatydyr, ylym-bilim sapagydyr, danalaryň öz nesillerine öwüt-nesihatydyr» diýlip bellenilýär. Hakykatdan hem, Magtymguly Pyragynyň şygyrlary ýaş nesiller üçin terbiýe mekdebidir. Bu mekdep her bir ynsanyň kämillik derejesine ýetmegine uly täsir edýär. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň belleýşi ýaly, Magtymguly Pyragy mizemeýän Watan söýgüsidir, halk ykbalynyň aladasydyr, belent häsiýetleriň gaýmagydyr.
Halk arasynda Magtymguly Pyragynyň edebi keşbi örän ýokary derejede janlanýar. Türkmen halky öz danasy Magtymguly Pyragynyň sözi bilen dem alýar, onuň parasada ýugrulan taglymaty bilen dünýäde mertebe tuguny parladýar. Şeýdibem, akyldar şahyra ýürekleriniň töründen orun berýär.
Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy», «Älem içre at gezer» romanlarynda Magtymguly Pyragynyň edebi keşbi ussatlyk bilen janlandyrylýar. Kynçylykly ýaşalan günlerde şahyryň sözleri bilen ruhy galkynyş tapyp, ertire ynamly gadamlar goýan halkymyzyň durmuş ýagdaýy şu romanlarda has içgin beýan edilýär. Ýaşlygyndan Magtymguly Pyragynyň sözlerine togap edip, ony ýat beklän Mälikgulynyň şahyryň şygyrlaryny okap, oba adamlaryny ýeňişli günlere ruhlandyrýan pursatlary, Magtymguly Pyragynyň öwüt-nesihatlary bilen söz sözleýän pursatlary, başyna düşen agyr işlerden hem şahyryň şygyrlaryna uýmak arkaly baş alyp çykýan pursatlary biziň her birimiziň aňymyzda, bir tarapdan, beýik akyldara bolan sarpany has-da beýgelden bolsa, ikinji bir tarapdan, sözi sarpalamagyň beýik mekdebi hökmünde ýüreklere ornady.
Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet guşy» romanynda ýeňişli günlere umyt baglap garaşýan oba adamlary Mälikguludan Magtymguly atamyzyň goşgularyny aýdyp bermegi haýyş edenlerinde, ol:
Dünýe görmeý, tutgun galsaň bir künçde,
Bady-paý dek Ýer ýüzüne ýeldim tut.
Çyn-Maçynda, Rumda, Hindde, Hebeşde,
Bolan-bolmuş hünärleri bildim tut... »
diýmek bilen, oturan adamlaryň «berekellasyny» alýar. Bu söze, beýiklere goýulýan hormatdyr.
Gahryman Arkadagymyz «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi» kitabynda: «Ruhy baýlyk ebedi ýaşaýar. Magtymguly akyldaryň mirasy hem şeýle baýlykdyr. Halkymyzyň hakydasynda ýaşaýan, zandynda orun alan mirasdyr» diýip belläp geçýär. Bu, hakykatdan hem, şeýle. Halkymyzyň hakydasynda, kalbynda orun alan miras – Magtymguly Pyragynyň dünýäsi halkyň ruhy dünýäsine täsir edip, hemişe ýüreklerde ýaşar, çünki Magtymguly Pyragynyň gysga sözi, çuň mazmunly jümleleri her bir kalbyň baky senasydyr. Gahryman Arkadagymyzyň kämil şygyr eserinde bellenilişi ýaly, şahyryň paýhas ummany «külli türkmen halky üçin ömür janly til» bolmak bilen, «hemişe we hemme ýerde şol bir Magtymguludyr».
Begençmuhammet MUHAMMETSÄHEDOW,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
Algebra we ähtimallyklar nazaryýeti kafedrasynyň mugallymy.