MAGTYMGULY PYRAGYNYŇ EDEBİ MİRASY

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň beýik şahsyýetleriniň edebi mirasyny toplamak, ylmy esasda öwrenmek we dünýä ýaýmak babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Şunuň bilen baglylykda, türkmeniň beýik akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyny, tutuş Gündogaryň ylmy-medeni dünýäsine ýetiren täsirini ylmy esasda öwrenmek, üstümizdäki “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” ýylynda şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygyny halkara derejede mynasyp belläp geçmek möhüm wezipeler hökmünde kesgitlenildi.

     Dana şahyryň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň “Dünýäniň hakydasy” atly maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi buýsandyryjydyr. Mundan başga-da, TÜRKSOÝ agza ýurtlaryň medeniýet ministrlikleriniň hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde 2024-nji ýyly “Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy” ýyly, gadymy Änew şäheriniň bolsa “Türki dünýäniň medeni paýtagty” diýip yglan etmegi, hormatly Prezidentimiziň milli gymmatlyklarymyzy dünýä ýaýmak babatda öňde goýýan wezipeleriniň üstünlikli durmuşa geçirilýänliginiň aýdyň subutnamasydyr.

     Hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagynda paýtagtymyzyň gözel künjeginde – Köpetdagyň eteginde “Magtymguly Pyragy” medeni-seýilgäh toplumynyň hem-de akyldaryň belent heýkeliniň açylmagy, bu waka bilen utgaşykly şahyryň Saýlanan eserleriniň ýygyndysyny özünde jemleýän “Magtymguly” atly täze kitabynyň çapdan çykmagy, hormatly Prezidentimiz hem-de Gahryman Arkadagymyz tarapyndan beýik söz ussadynyň baý medeni mirasynyň öwrenilmegine, giňden wagyz edilmegine uly üns berilýändiginiň tassyknamasydyr.

     Magtymguly Pyragynyň döredijiligi watansöýüji nesilleri kemala getirmekde uly ähmiýete eýedir. Akyldar şahyr halkymyzyň abadan durmuşda ýaşamagy, bu mukaddes toprakda özygtyýarly döwlet gurmak baradaky garaýyşlary öňe sürüpdir. Şahyryň edebi mekdebi özünden soňky döwürde hem giň gerim aldy. Onuň goşgulary Seýdi, Zelili, Kemine, Mollanepes ýaly meşhur nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligine hem şamçyrag bolup nur çaýdy.

     Bu günki gün Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň döwletli başlangyçlarynda, tutumly işlerinde Magtymguly Pyragynyň erkana hem abadan durmuş, berkarar döwlet, il agzybirligi, ýurt abadançylygy, mert, watansöýüji, kämil nesilleri ýetişdirmek baradaky köňül arzuwlary, sözüň doly manysynda, amala aşýar.

     Bize nusgawy ýazyjy-şahyrlarymyzyň döredijiligini çuňňur öwrenmäge, olary ýaş nesle ýetirmäge, şol eserleriň üsti bilen milliligimizi, medeniýetimizi, taryhymyzy giňişleýin beýan etmäge ähli mümkinçilikleri döredýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun alyp barýan döwletli işleri elmydama rowaçlyklara beslensin.

 

Gülnabat HOJAMYRADOWA,

Mary welaýat kitaphanasynyň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

11 Noýabr 2024 | 88 okalan

HALKYŇ RUHY ŞAMÇYRAGY

08 Noýabr 2024 | 711 okalan

ÖMRE HEMRA SETIRLER