DÜNÝÄ TÜRKMENLERINIŇ YNSANPERWER BIRLEŞIGINIŇ XXV MASLAHATY GEÇIRILDI

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiz – Arkadagly Serdarymyzyň halkymyzyň eşretli we döwrebap durmuşyny üpjün etmek barada edýän ýadawsyz aladalarynyň, netijesinde gözel diýarymyzda ýokary üstünlikler gazanylýar.

     Daşary ýurtlarda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen hemmetaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmak ählumumy bähbidine dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy işjeň ösdürmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň  biri bolup durýar.

     2024-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatynyň geçirildi. 1991-nji ýylyň maý aýynda döredilen Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň işi Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistanyň hoşniýetli, dostlukly, giň halkara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryna esaslanýan we ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň maksatlaryna laýyk gelýän daşary syýasatyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Bu maslahatda dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyzy türkmeniň döwletli däplerini dowam etdirip, bir supranyň başyna jemlenip, döwletimiziň Bitaraplyk syýasatyny, parahatçylyk, dostluk, hoşniýetli goňşyçylyk, ynsanperwerlik ýörelgelerini dabaralandyrmak, halkymyzyň maddy we ruhy mirasyny öwrenmek, ýurdumyzyň beýik ösüşlerini dünýä ýaýmak hem-de beýleki ugurlar boýunça gatnaşyklary ösdürmek barada beýan edildi.

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda geçirilen maslahat dünýäniň dürli ýurtlarynda ýaşaýan watandaşlarymyz bilen ýakyn gatnaşyklary hem-de olaryň ata Watanymyzda geçirilýän giň gerimli çärelere işjeň gatnaşmagynyň döwletimiz tarapyndan goldanylýandygyny aýdyň subutnamasy boldy.

     Maslahatyň öňüsyrasynda ýurdumyzyň gymmatlyklaryny açyp görkezýän sungat eserleriniň sergisi görkezildi. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň halypa mugallymlarynyň we talyp ýaşlarynyň döreden sungatyň dürli görnüşlerine degişli eserleri bu sergide görmek bolýar. Her bir eser giň many-mazmuna eýe bolup, türkmen halkynyň gymmatlyklaryny, milli däp-dessurlaryny, özboluşly aýratynlyklaryny açyp görkezýär. Myhmanlar bu sergiden uly täsir alyp, türkmen halkynyň gymmatlyklaryna has-da açyk göz ýetirdiler.

 

Nurana SÄHETGELDIÝEWA,

Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik

akademiýasynyň 4-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY