Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistan Watanymyz dünýä döwletleri bilen dost-doganlyk hem-de özara bähbitli gatnaşyklary yzygiderli ösdürýär. Dünýä halklarynyň senetçilikde, amaly-haşam-sungatynda gazanan üstünlikleri tutuş dünýäde öçmejek mirasdyr. Gadymy türkmen topragy deňi-taýy bolmadyk nepis halylaryň, keşdeleriň, zergärçilik we külalçylyk sungatynyň mekanydyr. Türkmen halkynyň sungat derejesine göterilen amaly-haşam sungaty milliligi we özboluşlylygy bilen dünýä ýüzüne aýan boldy. Amaly-haşam sungatyny ösdürmek ugrunda ýurdumyzda giň gerimli işler durmuşa geçirilmegini dowam etdirip gelýär.
«Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň sentýabr aýynyň 11-ne Türkmenistanyň Medeniýet ministrliginiň Maddy däl medeni miras müdirliginiň, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň sekretariatynyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Kazan şäher Halk çeperçilik we amaly-haşam sungatyny dikeltmek, gorap saklamak, öwrenmek we ösdürmek boýunça merkeziniň bilelikde gurnamagynda Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynda “Garaşsyzlyk ýyllarynda milli senetçiligiň ösdürilişi hem-de dünýä tejribesini öwrenmegiň derwaýys meseleleri” atly onlaýn maslahaty we ussatlyk sapaklary geçirildi. Bu maslahatda milli senetçiligi ösdürmegiň we bu ugurdaky dünýä tejribesini öwrenmegiň meseleleri barada gyzykly çykyşlar edildi. Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň mugallymlary öz çykyşlarynda amaly-haşam sungaty barada we bilim ojagymyzyň amaly-haşam sungaty fakultetinde bilim alýan talyplaryň halypa-şägirtlik ýoluny dowam etdirip, kämil bilim alýandyklary hakynda bellediler. Maslahatyň çäginde amaly-haşam sungatynyň nepis el işleriniň we senetkärleriň taýýarlan önümleriniň, şeýle hem Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň taýýarlan el işleriniň, halyçylyk, külalçylyk, zergärçilik önümleriniň sergisi gurnaldy. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň “Amaly-haşam sungaty” fakultetiniň mugallymlarynyň we talyplarynyň gatnaşmagynda ussatlyk sapagy geçirildi. Bu ussatlyk sapagynda talyplar öz alýan hünärleri boýunça döredijilik ukybyny açyp görkezdiler.
Türkmen halkynyň gadymy we müdimi mirasynyň, umumadamzat ähmiýetli gymmatlyklarynyň dünýä ýaýylmagy we dost-doganlyk gatnaşyklaryny ösdürmek ugrunda döredip berýän giň mümkinçilikleri üçin Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň alyp barýan döwletli işlerinde üstünlikleriň ýar bolmagyny arzuw edýärin!
Serwi ESENOWA,
Türkmenistanyň Döwlet çeperçilik akademiýasynyň
amaly-haşam sungaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby.