AÝDYM-SAZLY BAÝRAMÇYLYK DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

     Düýn Türkmenistanyň Nebitgaz toplumynyň «Türkmennebitgaz» Döwlet söwda korporasiýasynyň Medeni-işewürlik merkezinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň, Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň, şeýle hem «Miras» teleýaýlymynyň bilelikde şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli taýýarlan aýdym-sazly, söhbetli duşuşygy geçirildi. Gepleşigiň baýramçylyk sanynda Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň hormatly mugallymlary Türkmenistanyň halk artisti Atajan Berdiýew, «Türkmeniň Altyn asyry» bäsleşiginiň ýeňijileri Begenç Moşşyýew, Aýna Seýitgulyýewa, Arzygül Gylyjowa hem-de konserwatoriýanyň talyby Keýik Artykowa dagylar myhman bolup, olar şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllygy mynasybetli özleriniň ýürek buýsançlary, gutlaglary, şeýle hem şirinden-şirin owazly ajaýyp aýdymlary bilen duşuşygyň täsirini has-da artdyrdylar. Baýramçylyk şatlygyna beslenen aýdym-sazly duşuşyga gatnaşyjylaryň her biri medeniýeti halkyň kalbyna deňeýän Gahryman Arkadagymyza, türkmen medeniýetiniň we sungatynyň Hak howandary Arkadagly Gahryman Serdarymyza tüýs ýürekden alkyş aýtdylar.

 

Jemal SAPAROWA,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň ýanyndaky

«Arkadagly Ýaşlar» elektron žurnalynyň bölüm redaktory.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY