Watanymyzyň geljegi hasaplanylýan ýaş nesillere berilýän bilimiň hilini gowulandyrmak, ugurlaryny giňeltmek, mazmunyny çuňlaşdyrmak hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar. Ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek ugrunda giň gerimli özgertmeler durmuşa geçirilýär.
«Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy: Türkmenistany 2022 – 2052-nji ýyllarda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Milli maksatnamasynda» degişli döwrüň dowamynda bilimlere, innowasiýalara we ösen jemgyýete daýanýan, ykdysady, durmuş hem-de ekologiýa taýdan amatly tehnologiýalary özünde jemleýän ykdysadyýetiň pudaklaýyn ösüşini dowam etdirmek bellenildi. Bu maksatlara ýetmekde ylmy-innowasion, bilim ulgamynda özgertmeleri durmuşa geçirmek, sagdyn, zähmetsöýer, watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmek, irki döwürden başlap çagalary terbiýelemek, okatmak, olaryň beden we ruhy saglygyny berkitmek, şahsy başarnygyny ösdürmek üçin bilim edaralarynyň işini döwrüň talabyna laýyk kämilleşdirmek ýaly wezipeler kesgitlenilen. Öňde goýlan wezipeleri çözmekde halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn üns berilmegi dünýäniň öňdebaryjy gazananlarynyň esasynda, sanly bilim ulgamynyň mundan beýläk-de ösdürilmegini, okatmagyň innowasion çemeleşmeleri bilen utgaşyklykda maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalarynyň bilimiň ähli basgançaklarynda giňden ornaşdyrylmagyny şertlendirýär.
Mälim bolşy ýaly, dünýäniň häzirki zaman ösüşinde ösen döwletler bilen deň derejede gadam urmak üçin bilim we ylym ulgamynyň döwrebap ösdürilmegi, halkara tejribesiniň iň soňky gazananlarynyň milli tejribe bilen sazlaşykda ornaşdyrylmagy möhüm bolup durýar. Dünýäniň öňdebaryjy tehnologiýalarynyň içinde sanly bilimiň durmuş-ykdysady ulgamda eýeleýän ornunyň barha pugtalanýandygy aýratyn bellemek bolar. Ýurdumyzyň bilim ulgamynda amala aşyrylýan innowasiýa ösüşine laýyklykda, bilim edaralarynyň işini has-da kämilleşdirmek, bilim bermegiň ähli basgançaklaryny ýokary hilli elektron bilim maglumatlary bilen üpjün etmek, sanly serişdeleri giňden peýdalanyp, bilim edaralarynda berilýän bilimiň mazmunyny baýlaşdyrmak, hiliniň dünýä derejesine laýyk bolmagyny üpjün etmek maksady bilen, «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasy» we ony durmuşa geçirmegiň Meýilnamasy tassyklandy.
Sanly bilim ulgamy diňe bir bilim bermek işinde ulanylman, eýsem, oňa gatnaşyjylaryň hemmetaraplaýyn ösmegine hem täsir edýär. Birinjiden, bu ulgamdan kämil baş çykarmak üçin häzirki zaman maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny bilmek zerur bolup durýar. Ikinjiden, daş aralykdan bilim almak arkaly öz-özüňe gözegçilik etmek endigine eýe bolmak, şeýle hem bu ulgamyň esasy gurallarynyň biri bolan elektron okuw arkaly, ähli dersler boýunça taýýarlanylan döwrebap okuw-usuly toplumlaryndan peýdalanyp, ykdysadyýet, hukuk, syýasat we beýleki dersler boýunça bilim almak mümkinçiligini açýar. Mundan başga-da, sanly bilim ulgamynyň ösdürilmegi bu ugurda tehnologik täzeçilligi döretmegi we ýaýratmagy, bilim edaralarynyň tehnologiýa taýdan ösmeginiň çaltlandyrylmagyny, bilimiň ähli derejeleri üçin zerur bolan elektron maglumatlar gorunyň döredilmegini hem-de olara tor arkaly elýeterliligi üpjün etmegi göz öňünde tutýar.
Umuman, Türkmenistanda bilim ulgamynda gazanylýan oňyn netijeler ýurdumyzy mundan beýläk-de ösdürmegiň strategiýasyny kesgitlemäge we bu babatda uzakmöhletleýin maksatnamalary durmuşa geçirmäge giň ýollary açýar.
Berdimuhammet RAHMANOW,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen
oba hojalyk uniwersitetiniň mugallymy.