DÖWLETLI GEŇEŞE BARÝARYS

     Ata-babalarymyzyň yhlasyndan boý alan arzuw daragtyna – mukaddes garaşsyzlygymyza «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda 33 ýyl dolýar. Agzybir we jebis türkmen halkymyz ýene-de az wagtdan güneşli Diýarymyzyň mukaddes Garaşsyzlygynyň şanly 33 ýyllygynyň baýramyny uly dabara, şatlyk-şowhun bilen belläp geçer. Garaşsyzlygymyzyň uly toýunyň öňüsyrasynda geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi hem ata-babalarymyzyň «Bagtly ile toýlar goşa-goşadan gelýär» diýen aýtgysyndan habar berýär.

     Mälim bolşy ýaly, türkmen halkymyzda möhüm meseläniň çözgüdini il-gün bilen maslahatlaşyp çözmek, köpçülige sala salmak asylly däpleriň biri. Şoňa görä-de, ýurdumyzda Halk Maslahatynyň hereket etmegi, eziz Diýarymyzyň döwlet hem-de jemgyýetçilik syýasy gurluşynyň barha kämilleşýändigini we bu işleriň aňyrsynda ata-babalarymyzdan dowam edip gelýän milli ýörelgeleriň öz beýanyny tapýandygyny alamatlandyrýar. Munuň şeýledigine Gahryman Arkadagymyzyň «Ömrümiň manysynyň dowamaty» atly ajaýyp kitabynda: «Halk Maslahaty ata-babalarymyzyň ýaşululardan sorap, akyldar, ylymdar geňeşdarlary ýygnap, karara gelmek däbini, demokratiýany durmuşa ornaşdyrmagyň bir ugrudyr» diýen parasatly jümleleri dolulygyna güwä geçýär.

     Halk Maslahatynyň taryhy kökleri uzak geçmişe uzaýar. Türkmen jemgyýetini dolandyrmagyň demokratik nusgasynyň başlangyçlary ata-babalarymyzyň döwleti dolandyrmak tejribesinde öz beýanyny tapýar. Türkmen halkynyň ykbal ýoluna nazar salanyňda-da islendik tutumlarda ýaşululara, il-halka maslahat salnyp, olar bilen geňeşilip, ýerlikli çözgütleriň tapylandygyny, oňyn netijelere gelnendigini görmek bolýar. Munuň aňyrsynda bolsa, halkymyzyň ula-kiçä hormat goýmak, birek-biregiň pikirini diňlemek, oňa mynasyp baha bermegi başarmak pelsepesiniň durandygyna göz ýetirmek kyn däl.

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 24-nji sentýabrynda paýtagtymyz Aşgabat şäherinde geçiriljek Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisiniň milli demokratiýanyň dabaralanmasyna öwrüljekdigi hakykatdyr. Onda berkarar döwletimiziň ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemi jemlenip, öňde duran möhüm wezipeler ara alnyp maslahatlaşylar. Bu umumymilli forumda garaljak meseleler we kabul ediljek çözgütler, ösüşli ýolumyza kuwwatly itergi berer.

     Häzirki günlerimizde hem döwletimiziň we jemgyýetimiziň durmuşynda taryhy waka boljak Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisine ykjam taýýarlyk görmek barha işjeň häsiýete eýe bolup, umumymilli forum bilen bagly taýýarlyk işlerine biziň welaýatymyzda hem uly ähmiýet berilýär. Şunda ýaşlaryň saldamly goşantlaryny ýatlamak guwanjymyzy has hem goşalandyrýar. Gahryman Arkadagymyzyň pähim-paýhasly öwüt-ündewlerini her amalda ýörelge edinýän biz ýaşlar, ata Watanymyza wepaly nesil bolup, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň beýik ynamyna mynasyp jogap bermegi mukaddes borç hasaplaýarys.

     Goý döwletimizde demokratik we hukuk gymmatlyklaryň berkidilmegi ugrunda bimöçber aladalar edýän Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun. Il-ýurt bähbitli, umumadamzat ähmiýetli dünýä nusgalyk işleri rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

 

Aýjeren GELDIÝEWA,

TMÝG-niň Mary welaýat Geňeşiniň

guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY