Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan parahatsöýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk we giň özara hyzmatdaşlyk syýasatyny amala aşyrmak esasynda dünýä döwletleri hem-de abraýly sebit we halkara guramalary bilen netijeli gatnaşyklaryny ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn görnüşde üstünlikli ösdürýär. Ýurdumyzyň daşary syýasy strategiýasynda milli bähbitlerimiz dünýä bileleşiginiň umumy bähbitleri bilen doly sazlaşýar. Şu ýylyň 6-njy sentýabrynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda Türkmenistanyň başlangyjy bilen “Birleşen Milletler Guramasynyň oýunlary” atly Kararnamanyň biragyzdan kabul edilmegi, resminama dünýäniň 87 döwletiniň awtordaş bolup çykyş etmegi onuň tutuş adamzat üçin möhümdiginiň aýdyň subutnamasydyr.
Hormatly Prezidentimiziň ýokary diplomatik ussatlygy ýurdumyzyň sebit we dünýä döwletleri hem-de halkara guramalary bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmäge itergi berýär. Bu günki gün döwletleriň arasynda parahatçylyk we ynanyşmak medeniýetiniň ösdürilmegi durnukly ösüşe, parahatçylyga we howpsuzlyga ýardam berýän Bitaraplyk syýasaty bilen aýrylmaz baglydyr. Umumy bähbitleriň we abadançylygyň hatyrasyna dünýä ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary giňeltmek, abraýly halkara guramalar, ilkinji nobatda, Birleşen Milletler Guramasy bilen hoşniýetli hyzmatdaşlyk etmek Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarydyr.
Türkmenistan 1992-nji ýylyň 2-nji martynda halkara gatnaşyklaryň doly hukukly subýekti hökmünde BMG-niň agzalygyna kabul edildi. Geçen taryhy döwrüň dowamynda ýurdumyz BMG-niň Tertipnamasyna hem-de onda beýan edilen ynsanperwer ýörelgelere ygrarlydygyny subut etmek bilen, Ýer ýüzünde parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň pugtalandyrylmagynyň bähbidine öz üstüne alan borçnamalaryny gyşarnyksyz berjaý edýär. Döwletimiz BMG-niň ygtybarly we jogapkärli hyzmatdaşy hökmünde bu uniwersal halkara guramasynyň mejlislerine ýokary derejede gatnaşýar. Şunuň bilen, Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň birnäçe mejlislerinde wise-başlygyň borçlaryny belent abraý bilen ýerine ýetirendigini hem-de ýurdumyzyň döredijilikli başlangyçlary esasynda onlarça dünýä ähmiýetli Rezolýusiýalaryň kabul edilendigini aýratyn nygtamak gerek.
Häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň taryhyndaky ýeke-täk tejribe bolan BMG-niň ýörite Rezolýusiýalary bilen ykrar edilen ýurdumyzyň bitaraplyk hukuk derejesi dünýäde howpsuzlygy üpjün etmekde, adamzadyň öňünde durýan gaýragoýulmasyz meseleleri sazlaşykly çözmekde, döwletleriň we halklaryň durnukly ösüşi üçin amatly şertleri döretmekde, köptaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmekde halkara bileleşiginiň tagallalaryna hemmetaraplaýyn ýardam bermäge gönükdirilen netijeli gural hökmünde çykyş edýär.
Bu günki gün türkmen Bitaraplygy öz üstüne alan ähli borçlaryna hem-de dünýä bileleşiginiň bildiren jogapkärli talaplaryna birkemsiz ygrarly bolmagynda galýar. Munuň şeýledigini 2020-nji ýylda ýurdumyzyň parahatçylygyň, howpsuzlygyň we ösüşiň bähbidine Bitaraplygyň dostlary toparyny döretmek hem-de halkara meselelerini kadalaşdyrmakda Bitaraplygyň ýörelgelerini netijeli peýdalanmak boýunça BMG-niň ýörite kadalar toplumyny işläp taýýarlamak babatda öňe süren oňyn başlangyjy aýdyň görkezýär.
Häzirki wagtda bu ýörelgä daýanyp, BMG-niň meýdançasynda döredilen Bitaraplygyň dostlary toparyny has-da ýaýbaňlandyrmak babatda netijeli işler alnyp barylýar. Bu parahatsöýüjilikli topara gyzyklanma barha artýar. Oňa agza ýurtlaryň sanynyň ýylyň-ýylyna artýandygy aýdylanlary doly tassyklaýar. Bu toparyň agza ýurtlarynyň dürli düzümleriniň arasynda geçirilýän dialoglarda halkara meseleler babatda oňyn çözgütler kabul edilýär.
Şunuň bilen baglylykda, şu ýylyň 15-nji fewralynda paýtagtymyzda Bitaraplygyň dostlary toparyna agza ýurtlaryň parlament ýolbaşçylarynyň “Parahatçylygy we dialogy berkitmekde parlament hyzmatdaşlygynyň orny” atly duşuşygyň ýokary derejede geçirilmegi halkara gatnaşyklarda kanun çykaryjy edaralaryň mümkinçiliklerini ählumumy meseleleri çözmäge gönükdirmäge itergi berer. Duşuşygyň netijeleri boýunça kabul edilen Beýannamada ýurtlaryň arasynda bitaraplyk, ynsanperwerlik, parahatsöýüjilik ýörelgelerini wagyz etmäge, özara düşünişmegi gazanmaga, tejribe alyşmaga gönükdirilen parlament diplomatiýasynyň ösüşinde täze tapgyryň başlanýandygy bellenilýär.
Soňky ýyllarda döwletimiziň Milletler Bileleşiginiň esasy agentlikleri we ýöriteleşdirilen edaralary bilen barha berkeýän gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykýar. Muňa mysal hökmünde, Türkmenistanyň 2022-2028-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Halkara söwda hukugy boýunça komissiýasynyň, 2020-2024-nji ýyllar döwri üçin BMG-niň Ilat we ösüş boýunça Komissiýasynyň, 2023-2027-nji ýyllar üçin ÝUNESKO-nyň Bedenterbiýe we sport boýunça hökümetara komitetiniň agzalygyna saýlanandygyny görkezmek bolar.
Umuman, Türkmenistanyň BMG bilen netijeli we köpugurly hyzmatdaşlygy hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmäge gönükdirilen diplomatik işjeňligini hem-de halkara gatnaşyklar ulgamyndaky abraýyny alamatlandyrýar. Bu bolsa döwletimiziň içeri we daşary syýasy ugrunyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyna hem-de öz üstüne alan halkara borçnamalaryna ygrarly bolup galýandygy bilen şertlendirilendir.
Gurban MYRADOW,
“Arkadagly Ýaşlar” žurnalynyň jogapkär kätibi.