ÝAŞLARYŇ BAGTYÝARLYGY – WATANYMYZYŇ BUÝSANJY

     Ýakynda paýtagtymyzdaky «Watan» kinokonsert merkezinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň, Kärdeşler arkalaşygynyň milli merkeziniň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşiniň bilelikde gurnamagynda «Ýaşlaryň bagtyýarlygy – Watanymyzyň buýsanjy» atly geçirilen döredijilik bäsleşigi hem täze zehinleri ýüze çykarmakda uly ähmiýete eýe boldy.

     Gahryman Arkadagymyzyň: «Her bir ynsan üçin öz Watanyndan we halkyndan eziz zat ýokdur. Türkmen ýigidiniň we gyzynyň ýüregi elmydama jan Watanym Türkmenistan diýip urmalydyr. Watan we halk diýen beýik hem-de gudratly sözler ýaşlarymyzyň dilleriniň senasy, baş şygary bolmalydyr» diýen parasatly sözlerinden, Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň talyp ýaşlar barada edýän bimöçber aladalaryndan we berýän gymmatly maslahatlaryndan ugur alyp, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllygyna bagyşlanyp Arkadag we Aşgabat şäherleriniň hem-de Ahal welaýatynyň orta hünär okuw mekdepleriniň talyp ýaşlarynyň arasynda «Garaşsyzlyk ak ýolunda Berkararlyk Penasynda – Arkadagymyz bar. Döwletlilik rowanynda – Arkadagly Serdarymyz bar» şygary bilen geçirilen bu döredijilik bäsleşiginde Baş baýraga Indira Gandi adyndaky Aşgabat lukmançylyk orta mekdebi mynasyp boldy. Birinji orna Aman Kekilow adyndaky mugallymçylyk mekdebi, Maýa Kuliýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet ýörite sazçylyk mekdebi ikinji, Aşgabat gurluşyk orta hünär okuw mekdebi bolsa üçinji orunlara mynasyp boldular. Baýrakly orunlara mynasyp bolanlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi Geňeşi tarapyndan Hormat hatlary we ýadygärlik sowgatlary dabaraly ýagdaýda gowşuryldy.

     Täze taryhy zamanada hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen ösüp gelýän ýaş nesilleriň watansöýüji, kämil bilimli, ruhubelent bolup kemala gelmekleri hem-de milli gymmatlyklarymyzy, däp-dessurlarymyzy, ýörelgelerimizi mynasyp dowam etdiriji ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly işler durmuşa geçirilýär. Ajaýyp zamanamyzyň her bir gününiň eşreti, ajaýyplyklary kalplara ylham, joşgun berýär. Zehinli ýaşlarymyzyň döredijiliginde Berkarar Watanymyzy, eşretli zamanamyzy, bagtyýar ýaşlygy, parahatçylygy, dost-doganlygy şeýle-de Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi, şahyrana dünýäsi çeper sözde wasp edilýär. Döwrüň sesine öz seslerini goşýarlar.

     Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşanlar zamanamyzyň baýdak göterijileri bolan ýaşlaryň döredijilik zehinlerini ýüze çykarmagy we ukyp başarnyklaryny açyp görkezmegi üçin ähli mümkinçilikleri döredip berýän, Türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, belent başlarynyň aman, döwletli tutumly işleriniň uly rowaçlyklara beslenmegini tüýs ýürekden arzuw etdiler.

 

Gurbanmyrat MUHAMMEDOW,

TMÝG-niň Merkezi Geňeşiniň

Guramaçylyk bölüminiň müdiri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY