GEZELENÇ ÇÄRESI

     Düýn Arkadag şäheriniň häkimliginiň hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bilelikde guramagynda Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 15-nji sentýabrynda Arkadag şäherine amala aşyran nobatdaky iş saparynyň çäklerinde beren gymmatly öwüt-ündewleri, maslahatlary esasynda Arkadag şäheriniň «ýaşlaryň şäheri» diýen derejesinden ugur alyp, Arkadag şäheriniň döwrebap mümkinçiliklerini wagyz etmek, ýaşlaryň Arkadag şäherine bolan söýgüsini berkitmek, olaryň watansöýüjilik, milli däp-dessurlara wepalylyk, maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ruhunda terbiýelenmegini gazanmak, aň-bilim mümkinçiliklerini ösdürmek maksady bilen «Arkadag şäheri – döwrebap mümkinçilikleriň şäheri» ady bilen gezelenç çäresi guraldy. Bu gezekki gezelenç çäresi «Arkadag» binasy ýerleşdirilen seýilgähe boldy.

     Oňa Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk akademiýasynyň, Berdimuhamet Annaýew adyndaky Arkadag şäher mugallymçylyk orta hünär okuw mekdebiniň, Saçly Dursunowa adyndaky Arkadag şäher lukmançylyk orta hünär okuw mekdebiniň bagtyýar talyp ýaşlary, halypa mugallymlary, şeýle-de Arkadag şäheriň çäginde hereket edýän orta mekdepleriň okuwçy ýaşlary, mugallymlary hem-de ýaşuly nesliň wekilleri gatnaşdylar.

     Çärä gatnaşyjylaryň ýürek buýsançlary «Arkadag» teleýaýlymy tarapyndan ýazgy edildi.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 30 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 181 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 151 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY