ARKADAG ŞÄHERI – ÝAŞLARYŇ ŞÄHERI

     Şu gün Arkadag şäheriniň häkimliginiň, Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň hem-de syýasy partiýalarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Arkadag şäheriniň Geňeşiniň bilelikde guramagynda Arkadag şäheriniň Jemgyýetçilik guramalarynyň binasynda wagyz-nesihat çäresi geçirildi.

     Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň 15-nji sentýabrynda Arkadag şäherine amala aşyran nobatdaky iş saparynyň çäklerinde beren gymmatly öwüt-ündewleri, maslahatlary esasynda Arkadag şäheriniň «ýaşlaryň şäheri» diýen derejesinden ugur alyp, Arkadag şäheriniň döwrebap mümkinçiliklerini wagyz etmek, ýaşlaryň Arkadag şäherine bolan söýgüsini berkitmek, olaryň watansöýüjilik, milli däp-dessurlara wepalylyk, maşgala gymmatlyklaryna ygrarlylyk ruhunda terbiýelenmegini gazanmak, aň-bilim mümkinçiliklerini ösdürmek maksady bilen geçirilen bu çäre «Arkadag şäheri – döwrebap mümkinçilikleriň şäheri» diýlip atlandyryldy.

     Wagyz-nesihat çäresinde çykyş edenler Gahryman Arkadagymyzyň döredijilik zehininden bina edilen, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly syýasatynyň miwesi bolan häzirki zamanyň ösen we amatly şäheri hökmünde ykrar edilen Arkadag şäheriniň döwrebap mümkinçilikleri we bu ýerde zähmet çekýän, bilim alýan ýaşlar üçin döredilen ýokary mümkinçilikler dogrusynda täsirli gürrüňleri etdiler. Şeýle hem Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza alkyş sözlerini aýtdylar.

 

Umyda KAKAÝEWA,

TMÝG-niň Arkadag şäheriniň

Geňeşiniň bölüm müdiri.

Meňzeş habarlar

20 Noýabr 2024 | 30 okalan

ASYLLY DÄBE EÝERIP

19 Noýabr 2024 | 181 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY

14 Noýabr 2024 | 151 okalan

ÝAŞLAR – DÖWRÜMIZIŇ BUÝSANJY