Türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň daşyna berkden-berk jebisleşip, özüniň röwşen geljeginiň berk binýadyny gurýan türkmen halky mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk taryhy senesini ýokary ruhubelentlik hem-de mynasyp zähmet netijeleri bilen dabaraly garşylaýar. Agzybirlikde, jebislikde, asudalykda barha berkeýän mukaddes Garaşsyzlygymyz halkymyzyň häzirki hem geljekki nesilleriniň bagtly ykballarynyň, ýagty ertirleriniň gözbaşydyr. Garaşsyzlyk her bir raýatyň, aýratyn-da, ýurduň geljegi hasaplanýan ýaşlaryň durmuşynda has-da uly özgertmelere ýol açýar. Mukaddes Garaşsyzlygymyz türkmen ýaşlarynyň milli ruhda terbiýelenmegine, pederlerimizden gelýän asylly ýörelgeler esasynda öz öňlerinde maksat goýmaklaryna, diňe watansöýüjiligiň ýoly bilen öz arzuw maksatlaryna ýetmeklerine şert döredýär.
Şunuň bilen baglylykda, golaýda Balkan welaýat Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň «Türkmennebit» döwlet konserniniň şahamçasynyň gurnamagynda talyp ýaşlaryň arasynda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda giňden belleniljek mukaddes Garaşsyzlygymyzyň şanly 33 ýyllyk baýramyny dabaralandyrmak hem-de ýaşlary täze üstünliklere höweslendirmek maksady bilen baýramçylyk duşuşygy geçirildi.
Duşuşykda çykyş edenleriň belleýşi ýaly, Türkmenistan garaşsyzlygynyň şöhrat gazanan 33 ýylynyň içinde ösýän ykdysadyýeti we demokratiki ýörelgeleri bolan döwletleriň hataryna ynamly girmegi başardy. Dünýä medeniýetinde yz galdyran, taryhy ýoly ençeme müňlerçe ýyllara uzaýan türkmen halkynyň bu döwrüň içinde durmuş kadasy, ykbaly, ruhy dünýäsi düýpli özgerdi. Garaşsyzlyk ýyllarynda döwletimiz durmuş-ykdysady ulgamlaryny ösdürmekde belent sepgitlere ýetip, sebit hem-de dünýä ykdysadyýetine işjeň goşulyşýar. Önümçilik, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeni-durmuş maksatly iri taslamalaryň durmuşa geçirilmegi, döwrebap desgalaryň her ýylda ýüzlerçesiniň gurlup ulanmaga berilmegi, eziz Diýarymyzyň halkara derejeli möhüm çäreleriň geçirilýän mekanyna öwrülmegi munuň aýdyň subutnamasydyr.
Halkymyzy şeýle bagtyýar mekanyň goýnunda ýaşadýan türkmen halkynyň milli Lideri Gahryman Arkadagymyzy, hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, şeýle hem bütin türkmen halkmyzy ýetip gelýän şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlaýarys.
Mährijemal NYÝAZDURDYÝEWA,
TMÝG-niň «Türkmennebit» döwlet konserniniň
şahamçasynyň Guramaçylyk bölüminiň
sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.