Garaşsyzlyk güni türkmen halkynyň naýbaşy toýudyr. Bagtyýar halkymyz 1991-nji ýylyň altyn güýzünde ýurt Garaşsyzlygyny gazanmagy bilen her ýylyň 27-nji sentýabrynda eziz diýarymyzda naýbaşy baýramymyz giň dabaralara beslenip bellenilýär. Şanly senä bagyşlanan dabaralaryň we giň göwrümli çäreleriň şu günlerden ata Watanymyzyň çar künjegini gurşap almagy hem bu toýuň türkmen halky üçin uly ähmiýete eýedigini görkezýär.
Häzirki şatlykly günlerde Bäherden etrabynyň edara-kärhanalarynda, bilim-terbiýeçilik ojaklarynda guralýan baýramçylyk çäreleriň her biri aýratyn täsirliligi we netijeliligi bilen tapawutlanýar. Etrabymyzda şanly sene mynasybetli guralýan çäreleriň arasynda döredijilik bäsleşikleri, sportuň dürli görnüşleri boýunça ýaryşlar, aýdym-sazly dabaralar we beýleki çäreler bar. Bagtyýar ýaşlar bolup şeýle çäreleriň guramaçylykly geçmegine gatnaşýandygymyza örän buýsanýarys. Çünki mukaddes Garaşsyzlyk ýaşlara okamaga, öwrenmäge, döretmäge we gurmaga giň ýol açdy. Gahryman Arkadagymyzyň döwletli başlangyçlaryny mynasyp dowam edýän hormatly Prezidentimiziň saýasynda biz — bagtyýar ýaşlar taryhy döwürde ýaşaýarys, beýik eşretleriň hözirini görýäris.
Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyz bütin türkmen halkyny, Garaşsyz Watanymyzy dünýä tanatdy. Hormatly Prezidentimiziň il-ýurt bähbitli, umumadamzat bähbitli başlangyçlary öňe sürmegi, şeýle başlangyçlaryň bolsa Ýer ýüzünde gyzgyn goldaw tapmagy ata Watanymyzyň şan-şöhratyny arşy belentliklere göterýär. Şeýle bagtyýarlyk watançylyk ruhumyzy belende göterip, has-da tutanýerli zähmete hyjumyzy artdyrýar.
Mamagözel BOZZYÝEWA,
TMÝG-niň Ahal welaýatynyň
Bäherden etrap Geňeşiniň işgäri.