GARAŞSYZLYK – TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI BUÝSANJY

     Hormatly Prezidentimiziň parasatly baştutanlygynda şanly Garaşsyzlygymyzyň nurana baýdagynyň astynda halkymyz özüniň bagtyýar geljegini gurýar. Çekilýän döredijilikli zähmetiň netijesinde ata Watanymyz jenneti mekana öwrülip, mähriban topragymyz gülläp ösýän künjege öwrülýär. Agzybir halkymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallasy bilen ýetilen sepgitlere buýsanyp, täze ösüşlere sary ynamly gadam goýýar.

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwri türkmen halkynyň belent ykbally geljegi bolup, ýaşaýyş mukamynyň şirin owazyna öwrülip, jümle-jahana ýaň salýar. Bagtyýar milletiň ykbaly bolup gülleýän Garaşsyz Türkmenistanyň at-owazy bu gün dünýä dolýar. Garaşsyz türkmen döwletiniň abraýyny, milli medeniýetiň we sungatyň şan-şöhratyny jümle-jahanda dabaralandyrýan Döwlet Baştutanymyzyň mertebesi halkara jemgyýetçiliginiň öňünde täze belentliklere göterilýär. Beýik Garaşsyzlyk taryhy ýollary gahrymançylyga beslenen gaýduwsyz hem-de merdana türkmen halkynyň asyrlar boýy ýüreginde beslän arzuw-umytlarynyň, islegleriniň amala aşmagydyr, milli ruhunyň täzeden dabaralanmasydyr.

     Hawa, eşretli eýýamyň eýesi bolan agzybir halkymyz hormatly Prezidentimiziň ýolbaşçylygynda il-ýurt, döwlet, dünýä ähmiýetli maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa geçirilýändigine buýsanýar. Bagtyýarlyga beslenýän döwrümizde ajaýyp Watanymyzda uly ösüşleriň gazanylmagy üçin ähli mümkinçilikleri döretmek, ýurdumyzyň parahatçylygyny, ilimiziň agzybirligini hem jebisligini has-da berkitmek, halkymyzyň hal-ýagdaýyny düýpli gowulandyrmak Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň ýöredýän içeri we daşary syýasatynyň esasy ugurlarydyr. Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň üstünlikli amala aşyrýan özgertmeleriniň, ilkinji nobatda, il abadanlygy, ýurt parahatçylygy, Watan berkararlygy bilen berk baglydygyny aýratyn bellemegimiz gerek. esasy ugur ýurdumyzy mundan beýläk hem ösdürmek, döwrebap mümkinçilikleri döretmek bolup durýar. Bu beýik işler ýurdumyzda durmuşa geçirilýän işleriň, belent maksatlaryň aýdyň netijeleridir. Şonuň üçin şu belent maksatlardan ugur alyp, agzybir halkymyz döredijilikli zähmet çekýär, beýik ösüşlere mynasyp goşant goşýar.

     Ajaýyp zamanamyzyň nurana ýolundan röwşen geljegine tarap okgunly öňe barýan berkarar Watanymyzyň gülläp ösmegi, agzybir halkymyzyň eşretli durmuşda ýaşamagy üçin uly alada edýän Milli Liderimiz Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak, belent başlary aman bolsun, döwletli tutumlary rowana ýollarda rowaçlyklara beslensin!

 

Albina ZAKIRJANOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň

5-nji ýyl talyby.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY