Garaşsyzlyk merdana halkymyzyň köp asyrlaryň dowamynda köňlünde besläp gelen erkin, özbaşdak bagtly durmuşda ýaşamak, berkarar döwlet gurmak baradaky umyt-arzuwlarynyň wysal bolmagydyr. 33 ýyl mundan ozal halkymyz uzak wagtlap garaşan Watan mährini syzyp, Watan mähribanlygyny duýup, Watan söýgüsine sygynyp ýaşamak bagtyna – Garaşsyzlyk bagtyna gowuşdy.
33 ýylda eziz Watanymyzda ýetilen sepgitler barada aýtsak, güneş kimin beýik geljegine ýalkym saçýan, milli buýsanjyna we mertebesine öwrülen Garaşsyzlygyna eýe bolan merdana halkymyz özüniň mizemez döwlet nyşanlaryny – Ýaşyl tuguny, Döwlet tugrasyny hem-de Döwlet senasyny döretdi. Şan-şöhrata beslenen ata-babalarymyzyň döreden hakyky, gahrymançylykly taryhyny dikeltdi, uly zähmet ýeňişleri bilen beýik maksatlaryna ýetdi. Pederlerimiziň asyrlaryň jümmüşinden gözbaş alyp gaýdýan baý medeni mirasynyň, asylly däpleriniň dury akabasyna esaslanýan «Döwlet – adam üçindir!» diýen baş ýörelgesi bu gün özüniň adalatly miwesini berýär. Bu ýörelge türkmen jemgyýetiniň täze derejelere gelmegine giň mümkinçilikleri açýar. Türkmenistanda ähli pudaklaryň çalt we durnukly ösmegine zerur şertleri döredýär.
Biz bu gün ata-babalarymyzyň arzuwlan bagtly zamanasynda – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaşaýarys. Döwletimiziň şan-şöhratynyň dünýä ýaýylyp, halkymyzyň mertebesiniň has-da ýokary göterilýän eýýamynda Garaşsyz, Bitarap Watanymyzy dünýäniň ösen, kuwwatly döwletleriniň hataryna çykarýan uly möçberli işler irginsiz alnyp barylýar. Halkymyzyň hal-ýagdaýynyň düýpli ýokarlandyrylmagy, nebit-gaz, oba hojalygy, ulag-aragatnaşyk, dokma pudaklarynyň, ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet, sport, syýahatçylyk we beýleki ulgamlaryň sazlaşykly ösdürilmegi, gurluşyk önümlerini hem-de himiki dökünleri öndürýän iri kärhanalaryň gurluşyklary, abadan şäherlerimiziň keşpleriniň düýpli özgermegi – parahatçylygyň, döredijiligiň we ösüşiň ýoly bilen ynamly gadam urýan mähriban Watanymyzyň täze taryhyna şöhratly sahypalar hökmünde ýazylýar.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe belent sepgitleri nazarlaýan, beýik maksatlary öňde goýýan päk kalply merdana halkymyz durmuşda zähmet üstünlikleri bilen, Garaşsyzlygymyzyň şanly toýuna barýar. Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan Watanymyza parahatçylyk, jebislik, abadançylyk hem-de gülläp ösüş baky hemra bolsun. Eziz Diýarymyzyň bagtly geljegi üçin ähli tagallalary edýän Gahryman Arkadagymyza hem-de hormatly Prezidentimize rowaçlyklar ýar bolsun!
Mährijemal TOÝMÄDOWA,
TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň
S.Türkmenbaşy etrap Geňeşiniň esasy hünärmeni.