Asman-Zemin arasynda goşalanýar toýlarymyz,
Göwün göwünden suw içýär, abadandyr öýlerimiz,
Bagt eçilýär her ynsana täze dogýan aýlarymyz,
Agzybirlik göwünleriň müdimilik öýdümi,
Garaşsyzlyk – döwürleriň, baky bagtyň aýdymy.
Arşdan ýalkawly, Zeminde sarpaly gözel Diýarymyzda ýaýbaňlandyrylýan her bir dabara kalplara çäksiz joşgun eçilýär. Belent sepgitlere sary ynamly öňe barýan ýurdumyzda şeýle ajaýyp dabaralaryň, toý-baýramlaryň goşa-goşadan gelmegi hem eýýäm asylly däbe öwrüldi. Gadam basan gününden başlap, agzybir halkymyza toýdur baýramlary peşgeş edýän, taryhyň gatlaryna altyn harplar bilen zerlenip ýazylýan «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynda hem bu däp mynasyp dowam etdirilýär.
Berekediň, bolçulygyň paslynda – tyllaýy güýzüň ajaýyp günlerinde Diýarymyzyň ähli künjeginde tutumy uludan tutulýan mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy hem ýürekleri joşa getirýär. Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň aýdyşy ýaly, köňüller, ýürekler bir bolanda, ykballar göterilýär.
Taryha ser salsak, «Döwlet gurjak bolsaň, türkmeni çagyr» diýen dana nakylyň yklymlar içre meşhur bolandygyna aýdyň göz ýetirýäris. Hawa, merdana Oguz nesilleri dünýäde ýetmişden gowrak döwleti esaslandyryp, onuň binýadyny berkden tutupdyr. Şol döwletlerde tutuş adamzadyň ykbalyna, aňyýetiniň ösüşine täsir eden ruhy galkynyşlar, ykdysady özgerişler amala aşyrylypdyr. Bu günki günde dünýäniň ýokary derejeli ösüşleriniň özeninde hut biziň pähimli dana atalarymyzyň badalga beren beýik taglymatlary dur. Biziň her birimiz oňa buýsanmaga haklydyrys. Bu babatda hormatly Prezidentimiz şeýle belleýär: «Mukaddes Garaşsyzlygymyz merdana halkymyzyň asyrlar boýy kalbynda besläp gelen nurana arzuwlarynyň, arzyly umytlarynyň, erk-islegleriniň hasyl bolmagydyr».
Asmanymyzyň asudalygy, ýurdumyzyň parahatlygy Garaşsyzlygyň bize beren peşgeşi bolup, türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet – adam üçindir!» hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!» diýen şygarlarynyň doly derejede durmuşa ornaşdyrylýandygynyň aýdyň subutnamasydyr.
Garaşsyzlyk hakymyzyň alnynda dogan bagtyň Güneşi. Bu gün agzybir ilimiz şol Güneşiň nuruna çoýunyp ýaşaýar. Garaşsyzlyk biziň bagtymyzyň gözbaşydyr.
Beýik akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak biz ýaşlar üçin uly buýsanç we mertebe. Garaşsyzlygymyzyň eçilenleri agzybirlik bilen Watan mukaddesligi hakynda düşünjeleri berkidip, bizi maksada okgunly zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Ata-babalarymyzyň arzuw-islegleriniň wysaly bolan Garaşsyzlyk agzybir döwlet bolmak, bagtyýar durmuşda ýaşamak hakyndaky iň ajaýyp niýetleri özünde jemleýän gymmatlykdyr. Şonuň üçin hem ýurt Garaşsyzlygynyň gymmaty ýokarydyr. Onda biziň taryhymyz, şu günümiz hem-de röwşen geljegimiz ýaşaýar. Şu ýerde şahyryň şeýle setirleri seriňe dolýar:
Hasyl bolup ata-baba, pederleriň isläni,
Bu zamana nesilleriň köňüllerde besläni,
Bagtyýarlyk ýalkymynda nur alandyr asmany,
Asyrlara ýaň salyp dur erkinligiň dessany,
Baky bagtyň binýadynda Galkynyşly eýýamy,
Gutly bolsun Garaşsyzlyk toýuň, Türkmenistanym!
Garaşsyzlyk — belent ykbal! Bu gün türkmen halky Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň parasatly baştutanlygynda şol ykbalynyň toýuny toýlaýar.
Biz ýaşlar Garaşsyzlygymyzyň bize eçilýän miwesiniň gadyryny bilip, öz saýlap alan hünärimiz boýunça bilim alyp, Watanymyzyň adyny dünýä ýaýmakda yhlasymyzy gaýgyrmaýarys. Şeýle bagtly zamanany peşgeş beren Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyza, döwlet baştutanymyz Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýarys! Ýörän ýoly ýörelge, sözlän sözi görelde Gahryman Arkadagymyzyň, ata Watanymyzy ösüşiň belent sepgitlerine tarap ynamly öňe alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, ýurt berkararlygy, il bagtyýarlygy ugrunda tutýan döwletli tutumlary hemişe rowaçlyklara beslensin!
Çeper NAZARGYLYJOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky TMDDI-niň magistranty.
TMÝG-niň işjeň agzasy.