Hindistanda wodorodly awtobus işläp başlady. Awtobus şu ýylyň 22-nji awgust güni Hindistanyň Puna şäherinde herekete girizildi. Wodorodly ýük maşynlaryň we awtobuslaryň ekspluatasiýa çykdaýjylary dizel ýangyjynda hereketlenýän awtoulaglardan az sarp edilýär. Transport ulaglarynda wodorodyň girizilmegi awtoulag öndürýän şereketlerde howatyr döredýär. Hindi bilermenleriniň pikrine görä, wodorod ýangyjy dizele seredende, ekologiýa üçin täze energiýa çeşmesi bolup, howanyň üýtgemegine garşy göreşde möhüm gural bolup durýar. Bu bolsa, şeýle ulaglaryň sanynyň artmagyna isleg döredýär.
Kanada döwletinde ýolagçy üçin niýetlenen elektrouçar synagdan geçirildi. Harbour Air kompaniýasy tarapyndan öndürilen bu uçar Tesla awtoulaglary ýaly, elektrik togy bilen hereketlenýär. Ilkinji synag uçuşy 74 kilometr aralygy bary-ýogy 24 minutda geçildi. Ýolagçy üçin niýetlenen uçar häzirlikçe gysga aralyklara uçuşy amala aşyrar. Kompaniýanyň wekilleri bu aralygy has-da uzak aralyga çenli artdyrmagy maksat edinýärler.
Taýýarlan: Altyn HOJAMOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.