Ak mermerli paýtagtymyzda geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisine Ahal welaýatymyzdan hem jemgyýetçiligiň dürli gatlaklarynyň wekilleri, şol sanda bagtyýar ýaşlar gatnaşdy. Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk şanly toýunyň bosagasynda geçen döwletli maslahat täze taryhy döwrümizde halkymyzyň döwletlilik ýörelgeleriniň barha rowaçlanýandygynyň, agzybirliginiň we jebisliginiň barha dabaralanýandygynyň nobatdaky subutnamasy boldy. Onda döwletli geňeş edildi, Watanymyzyň mundan buýana-da gülläp ösüşine täsir etjek çözgütler kabul edildi. Şeýle taryhy maslahata gatnaşmak mende ýatdan çykmajak täsirleri döretdi.
Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň çuň manyly çykyşlaryny uly gyzyklanma bilen diňledik. Il-günümiz, bagtyýar ýaşlar hakdaky bimöçber alada, Watanymyza bolan çäksiz söýgä ugrulan taryhy çykyş nurana geljege bolan belent ynamymyzy artdyrdy. Biz — Ýaşlar guramasynyň wekilleri bolup, Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeleri, çözgütleri we taryhy ähmiýetini ildeşlerimiziň arasynda wagyz-nesihat ederis. Goý, Watanymyzy ösüşleriň ak ýolundan barha öňe alyp barýan Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň we Gahryman Arkadagymyzyň döwletli tutumlarynda üstünlikler hemişe-de ýaran bolsun!
Merdanaly ORAZBERDIÝEW,
TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň başlygy.