GARAŞSYZLYK – BAGTYMYZYŇ GÖZBAŞY

Hasyl boldy atalaryň arzuwy,

Aýtsam aýdym, ýazsam bolar sözbaşy.

Erkinligiň gujagynda halkymyz,

Garaşsyzlyk – bagtymyzyň gözbaşy.

 

Arkadagyň peşgeş beren eýýamy,

Kalplaryň buýsanjy, göwünleň hoşy.

Bu gün arşa ýetdi türkmeniň ady,

Garaşsyzlyk – bagtymyzyň gözbaşy.

 

Arkadagyň beren ajaýyp döwri,

Buýsanjyň artdyryp, uzaldýar ömri,

Näçe taryp etsek, az bolar öwgi,

Garaşsyzlyk – bagtymyzyň gözbaşy.

 

Zyýada ÝUSUBOWA,

Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet

uniwersitetiniň taryh fakultetiniň 3-nji ýyl talyby

“Adalat” gazeti, 20.09.2024ý.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY