Golaýda şeýle at bilen, Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Balkan welaýat Geňeşiniň welaýat jemgyýetçilik guramalary bilen bilelikde gurnamagynda Balkan welaýat häkimliginiň mejlisler zalynda şanly Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramyny dabaralandyrmak hem-de ýaşlary täze üstünliklere höweslendirmek maksady bilen, dabaraly maslahat duşuşygy geçirdi.
Duşuşykda Garaşsyzlyk ýyllary içinde ýurdumyzda gazanylan üstünlikler, ýetilen sepgitler baradaky çykyşlar, baýramçylyk gutlaglary diňlenildi. Şeýle hem ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllygy mynasybetli Türkmenistanyň Futbol çempionatynyň 1-nji liga Futbol boýunça Balkan welaýatynyň zoloklaýyn ýaryşyň netijeleri esasynda ýeňiji bolan toparlara Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Balkan welaýat Geňeşi tarapyndan ýadygärlik sowgatlary gowşuryldy. Medeniýet we sungat işgärleri tarapyndan ýerine ýetirilen aýdym-sazly çykyşlarda bolsa, Gahryman Arkadagymyzyň, Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň adyna alkyşlar belentden ýaňlandy.
Rejepmämmet GAÝYPOW,
TMÝG-niň Balkan welaýat Geňeşiniň
Guramaçylyk bölüminiň sanly ulgam
boýunça esasy hünärmeni.