GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ «ÖMRÜMIŇ MANYSY» KITABYNDAN

     Alyşir Nowaýynyň «Nesaýymul-muhabbet» («Söýgi şemallary») atly eseri Hoja Ahmet Ýasawy we onuň edebi mekdebine dahylly müritleri dogrusynda anyk, giň hem geň-enaýy maglumatlary berýän eserleriň biridir. Onuň mukaddamasynda (girişinde) ýazmagyna görä, bu eser Abdyrahman Jamynyň pars dilindäki «Nefahatul-üns hazaratulkuds» («Päklik mejlislerinde hemdemlik ysy») atly, 601 sany sopynyň ömür beýanyny öz içine alýan eseriniň üsti doldurylan türki dilli eserdir. Bu eserde Hoja Ahmet Ýasawy hakynda şeýle maglumat berilýär: «Hoja Ahmet Ýasawy Türküstan mülküniň uly şyhlaryndandyr. Onuň derejesi has beýik hem meşhurdyr, keramaty bolsa dowamly hem çäksizdir. Onuň müritleri hem ýaranlary sansyzdyr. Işiginde şahu-gedalaryň isleg we yhlaslary soňsuzdyr. Ol Ymam Ýusup Hemedanynyň ýaranlaryndandyr. Ol Hoja Abdylhalyk Giždiwany bilen köp söhbetdeş bolupdyr. Hoja Abdylla Barky, Hoja Hasan Endeki hem onuňbilen bilelikde Ymam Ýusup Hemedanynyň müritleri bolupdyrlar. Ymamyň şeýle beýik mertebelere ýetenligi jähetden, zamanynyň köp welileri onuň ylym terbiýesini alypdyrlar. Şyh Lala bolsa, hormatly Şyh Nejmeddin Kubranyň hyzmatynda bolmazdan ozal, Hoja Ahmet Ýasawynyň hyzmatynda bolupdyr we onuň hanakasynda piriň tarykat ýoluna giripdir. Hoja Ahmediň mazary Türküstanda Ýasy diýen ýerde bolup, ol şol ýerde önüp-ösüp, şol ýerde hem dünýeden gaýdandyr. Ol Türküstan ähliniň kyblaýy dogasydyr». Alyşir Nowaýy bu eserinde Hoja Ahmet Ýasawydan  soňra, onuň silsilesine we Zeňňi babanyň silsilesine dahylly bolan Kutbeddin Haýdar, Hekim Ata, Ysmaýyl Ata, Yshak Ata, Hoja Bahaweddin, Hoja Baýezit, Hojam Halyl, Gorkut Ata, Aly Ata, Gylyç Ata, Sadr Ata, Hubby Hoja, Ýigit Ahmet, Gök Şyh, Demirçi Ata, Zehhat Han, Şyh Abuhasan Aşyky, Mahmyt Şyh, Hudaýguly Şyh, Muhammet Şyh, Ylýas Şyh, Şyhzada Abulhasan, Şyh Muhammet Sopy, Musa Şyh, Şyh Soltan Sopy,Gyşlyk Ata, Omar Ata, Seýit Ata, Hüseýin Bap, Zeňňi Ata, Hasan Şyh (Gözli Ata), Ýusup Şyh, Hajy Şyh we ýene käbir sopularyň hal-hatyrlaryndan habar berýär. Men, ýeri gelende, Nowaýynyň eserinde gürrüňi edilýän bu şahsyýetleriň hem her biriniň türkmen edebiýatynyň taryhynda özüne mynasyp orunlarynyň bardygyny, bulary öwrenmegiň öňdäki wezipedigini aýtmak isleýärin...

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 46 okalan

ÇÖLDÄKI WAKA

18 Noýabr 2024 | 427 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 432 okalan

KESIR