OGUZ HAN WE OGUZ NAMALARY

     Oguz han atamyzyň şejeresi Nuh pygamberden gaýdýar. Görnüşi ýaly, bu örän uly hem baý taryhdyr. Öňki kitaplarymda hem Oguz han barada käbir zatlary ýazypdym. Ýöne ynam-ygtykat, Allatagalanyň birligi barada gürrüň edilende, ýene-de Oguz han atamyz ýatlanmasa, juda bärden gaýdyldygy bolardy. Geçen bäş müňýyllyk taryhymyzyň gözbaşynda Oguz han atamyz bar. Şuňa görä, milli ýol-ýörelgämiziň, ruhy gymmatlyklarymyzyň, däp-dessurlarymyzyň gözbaşlarynyň şol döwürlerden gaýdýandygyny aýtsak, asla nädogry bolmaz. Şol bir wagtyň özünde munuň özi heniz Oguz han atamyzyň birhudaýlylyk ýörelgesine çenli halkymyzyň ruhunda oturan, oňa soňra ýene müňýyllyklar boýy «ýoldaş» bolan, milli däp-dessurlarymyzyň, ynançlarymyzyň içinde ýitmän gelen käbir gymmatlyklary hem öz içine alýandyr. Bir Taňra – gudraty güýçli Beýik Allatagala gulluk etmek ähli ylahy dinlerde baş maksatdyr. Türkmenler irki döwürlerde hem asmandaky Hudaýa – Gök Taňra sygnyp gelipdirler. Oguz hanyň Gök Taňry baradaky garaýşy miladydan ozalky II müňýyllykda Musa pygamber tarapyndan döredilen birhudaýlylykdan has öň ýüze çykandyr. Gök Taňra uýýanlara tä yslama çenli «göktürkmenler», «gökoguzlar» diýlipdir. Oguzlaryň soňra yslamy kabul etmekleri, hatda seljuklar döwründe yslamyň arkadaýanjy bolmaklary bu diniň hem, edil Oguz handan gaýdýan bir Taňra uýmakdaky ýaly, birhudaýlylygy – Taňryny tanamaklygy ündeýändigi bilen baglanyşyklydyr. Taňra uýmakdan galan sözlerbiziň halkymyzyň arasynda henizem şol gadym döwürlerdäki ýaly ulanylypgelinýär. Türkmen halkynda «Taňryýalkasyn!», «Taňrynyň haky üçin!», «Taňrynyň güni darydan köp», «Taňrysyny tanamaz», «Bikärden Taňry bizar» ... diýilmesi bardyr. Bulardaky «Taňry» sözi yslamdaky «Alla» sözi bilen manydaşdyr. Görnüşi ýaly, Oguz han döwründäki «Taňry» sözi şu günlerem öz manysyny ýitirenok, halkymyzyň dilinde edil «Alla», «Hudaý» ýaly sözler bilen bir manyda, deň derejede ulanylýar. Bu-da halkymyzyň ynamyna, ynanjyna ygrarlydygyna şaýatlyk etmeýärmi, eýsem!? Oguz hanyň döwleti uç-gyraksyz bolup, ol Türküstandan demirgazyk Hytaýa, Tibete, Hindistana, Orsýetiň günortasyndaky Emba, Ural, Wolga derýalaryna, Ural dag gerişleriniň iki tarapyny tutup ýatan daglyk ýerlere, demirgazyk Kawkaza, şeýle-de Eýran, Yrak, Şam, Müsür, Pereňistan ýaly ýerlere baryp ýetipdir. Oguz han şunça giň ýerlerde ýaşaýan halklary öz ynanjyna salypdyr. Şundan hem Oguz hanyň ägirt uly döwlet guran, ozal hersi aýry bir ygtykatda gezip ýören ýigrimi dört oguz taýpasyny we raýatlygyndaky beýleki halklary bir ynanja – bir Hudaýa uýduryp, dini birlik döredip, pygamberlik derejesine ýeten, örän beýik şahsyýet bolandygy baradaky hakykat açylýar. Oguz han asmany Hudaý – Taňry diýip yglan etmek bilen, külli oguzy, beýleki ençeme halklary köphudaýlylykdan, butlara uýup ýörmekden halas edip, olary birhudaýlylyga – Gök Taňra bolan ynanja uýdurypdyr. Şunuň bilenem, ol adamzat taryhynda Nuh pygamberden soň ilkinji gezek monoateizmiň – birhudaýlylygyň düýbüni tutupdyr. Oguz han türkmen taryhynyň gözbaşynda duran beýik soltandyr, döwletliligiň hem akyl-parasatyň nusgasydyr. Şol bir wagtyň özünde ol, diňe öz halkyna däl, tutuş adamzada Allatagalanyň birdigi baradaky ynanjy beripdir diýen netijä gelýärin. Oguz hanyň Gök Taňry ynanjy adamzadyň ýekehudaýlylyk düşünjeleriniň, soňra bu ugurda dörän ähli dinleriň özenini düzüpdir. Görnüşi ýaly, bu hakykat uzak geçmişlerde beýik ýaşaýyş medeniýetlerini – siwilizasiýalary döreden halkymyzyň adamzadyň ösüşlerindäki ýene bir taryhy hyzmatydyr. Ýagşy hem ýaman, halal hem haram, haýyr hem şer, günä hem sogap, çyn hem ýalan ýaly düşünjeler, şular bilen baglanyşykly ýörelgeler halkymyzda has gadymy döwürlerden bäri bardyr. Bu düşünjeler we ýörelgeler Oguz hanyň birhudaýlylyk taglymatyny, şunuň bilenem, adamzat ýaşaýşynyň berk kada kanunlaryny düzmäge hyzmat edipdir. «Oguznamalar» gadymy oguz rowaýatlarydyr. Olar ata-babalarymyzyň – türkmen halkynyň, şonuň bilen birlikde, tutuş türki kowumlaryň şöhratly taryhy baradaky iň gadymy, iň möhüm ýazuw çeşmelerindendir. Olar biziň halkymyzyň köp müňýyllyk geçmişi, durmuşy bilen baglanyşykly döräpdir. Soň-soňlar olara yslam dininiň täsiri hem siňipdir, «Oguznamalaryň» käbir ýerleri belli bir derejede şol döwre görä üýtgedilip rowaýat edilipdir...

 

GAHRYMAN ARKADAGYMYZYŇ

«ÖMRÜMIŇ MANYSY» KITABYNDAN

Meňzeş habarlar

18 Noýabr 2024 | 193 okalan

BAHYL ADAM

18 Noýabr 2024 | 221 okalan

KESIR