ÝOL ASUDALYGY – IL ABATLYGY

     «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň uly ruhubelentlige beslenýän günlerinde ýurdumyzda giň gerimde geçirilýän çäreler ata Watanymyzyň berkararlygynyň, halkymyzyň bagtyýarlygynyň üpjün edilmegine ýardam edýär. Türkmen halkynyň Milli lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen her ýylda geçirilýän «Ýol hereketiniň howpsuzlygy – ömrümiziň rahatlygy» atly biraýlyk hem ýurdumyzyň syýasy-jemgyýetçilik durmuşynda bolup geçýän taryhy wakalar bilen ajaýyp sazlaşygy emele getirýär.

     Häzirki döwürde ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek bütin dünýäde ileri tutulýan wajyp wezipeleriň biri hasaplanýar. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmek boýunça durmuşa geçirilýän işler her birimizi diýseň guwandyrýar, buýsandyrýar. Ýol hereketiniň kadalary boýunça kanunçylyk namalarynyň yzygiderli kämilleşdirilmegi döwrüň ösen talaplaryna laýyk gelýän düzgünleriň girizilmegini üpjün edýär.

     Ilatyň, esasan hem, ýaşlaryň we çagalaryň ýol hereketiniň kadalaryna jogapkärçilikli çemeleşmegini gazanmak biraýlygyň esasy maksady bolup durýar. Ynsan ömrüniň rahatlygynyň kepili bolan ýol hereketiniň howpsuzlygyna bagyşlanan biraýlygyň dowamynda orta mekdeplerde, çagalar baglarynda köçe-ýol hereketiniň kadalaryny berjaý etmegiň ähmiýetini düşündirmek maksady bilen, hereketli oýunlar, gyzykly bäsleşikler guralýar.

     Ýol hereketiniň kadalaryny dogry we doly berjaý etmek her birimiziň borjumyzdyr. Bu kadalary diňe biraýlygyň dowamynda däl, eýsem, hemişe berjaý etmek wajypdyr. Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň tagallalary bilen biraýlyk çäreleriniň ýokary guramaçylykly geçirilmegi döwletli tutumlaryň üstünlikli dowam etdirilýändigini alamatlandyrýar.

 

Nurjemal SAPAROWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

 Boldumsaz etrap Geňeşiniň uly buhgalteri.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY