Hindistan tebigy gözellikleriň ýurdy. Bu ýerde ýaşyl daglary, göm-gök kenarly suwlary we altyn çölleri tapyp bilersiňiz. Topragyň köpdürlüligi sebäpli, hindi ösümlikleri hem baý we köpöwüşgünlidir. Hindistanda güller jemgyýetçilik durmuşynyň aýrylmaz bölegidir. Baýramçylyklar, toýlar, doglan günler, hormatly myhmanlaryň ýygnaklary gül bezeglerisiz geçirilmeýär. Mysal üçin, hindi toýlarynda gelniň we ýigidiň töweregine bir gül bezegi goýulmasa ýa-da gül ýapraklary ýuwulmasa, däpleriň doly ýerine ýetirilmeýändigini görkezýär. Bu gün bolsa sizi Hindistanyň meşhur ajaýyp gülleri barada gyzykly maglumatlar bilen tanyşdyrmak isleýäris.
Lotos hindileriň milli güli hasaplanýar. Ynanja görä, bu täsin güle Hindistanda suwuň mukaddes güli hökmünde garalýar. Şeýle-de, bu gül Hytaýda, Ýaponiýada, Müsürde, Şri-Lankada ösýär. Lotosyň hindi lukmançylygynda ulanylýandygyny aýratyn bellemelidiris. Onuň düzüminde ýüzüň ýygyrdyny aýyrýan ýag bar. Lotos gülüni suwuň ýüzüni, howuzlary bezemek üçin ulanýarlar. Bu gül iýul-awgust aýlarynda gülläp başlaýar.
Jasmin gülleri bu ýurtda örän uly meşhurlyga eýedir. Bu güller çaga dünýä inmegi mynasybetli geçirilýän dabaralardan başlap, ähli dabaralarda giňden ulanylýar. Onuň ýakymly ysy has özüne çekýär. Şonuň üçin bolsa gerek, zenanlar özleriniň gözelligini has-da artdyrmak üçin jasmin güllerinden dakynýarlar. Asylly ynanja görä, jasmin gülleri päk söýgüni we bagty aňladýar. Ylymda bolsa, bu gülden efir ýaglary taýýarlanýar.
Barhatsy güli bilen hindi gelin-gyzlary saçlaryny bezeýärler. Mahmal ýaly ýakymly gül hindi toýlarynda ýörgünli ulanylýar. Asylly däbe görä, ýaş çatynjalar biri-biriniň boýnundan asyp, däp-dessur berjaý edýärler. Hindi lukmançylygynda giňden ulanylýan bu gülden endamyňda galan sypjyryklary bejerýän ýag alynýar.
Punarnawa güli bedendäki hapalary ýuwýar. Adam bedenini ýaşartmak üçin, şeýle-de, berhiz saklaýan adamlar üçin giňden ulanylýar.
Nim bagy. Göräýmäge leýlisaçy ýatladýan boýy bolan bu täsin gülli bag gözelligi we özboluşlylygy bilen özüne çekýär. Lukmançylykdaky ähmiýetini bellemek ýakymlydyr. Gan aýlanyşygyna peýdalydygy üçin gadym döwürlerden hindi milleti onuň ýapragyny çeýnäpdirler. Gözelligi üçin ýüzüne we bedenine çalypdyrlar. Bagyň miwesinden taýýarlanýan dermanlarynyň bolsa, bagyr agyrysyndan bejergi alýan adamlara kömegi degýär.
Plýumeriýa gülleri. Başgaça, ybadathana gülleri diýlip, hasap edilýär. Hindi ybadathanalarynyň ählisinde diýen ýaly, bu gülli agaçlary görmek mümkin. Bu gülleriň gözel keşbi hindi heýkeltaraşlyk sungatynda, bezeglerde we şaý-seplerde giňden ulanylýar. Rowaýata görä, Plumeri atly belli bir fransuz ýigidi altyn teňňeleriň gaçýan jadyly agajyny gözläp, Hindistana barypdyr. Gijäniň bir çagynda birden ýakymly ysly gülleri bolan agaja gözi düşüpdir. Agajy synlap durşuna, owadan güller ýaýylyp, aýaklarynyň aşagynda çogdam bolup ýaýrapdyr. Şonda bu agajyň güllerinden altyn teňňeler däl-de, hoşboý ysly gül pyntyklarynyň dökülýändigine düşünipdir. Şoňa görä-de, bu agaç bakylyk agajy, güller bolsa söýgä wepalylygyň ölmez-ýitmez baky bolmalydygy baradaky düşünjäni aňladýan mana eýe bolupdyr.
Taýýarlan: Altyn HOJAMOWA,
Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby,
TMÝG-niň işjeň agzasy.