HALK MASLAHATY — BAGTYÝARLYGYŇ RÖWŞEN GELJEGI

     Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda syýasy-ykdysady, medeni-durmuş ugurlarynda ägirt uly ösüşleri gazanýar. Hormatly Prezidentimiziň uzak geljegi nazarlaýan oňyn özgertmeleri halkara giňişliginde dost-doganlyk gatnaşyklaryny dabaralandyrýan döwletimiziň dünýä jemgyýetçiliginde eýeleýän abraýly ornuny has-da beýgeldýar, Häzirki wagtda ýurdumyzda döwletimizi we jemgyýetimizi mundan beýläk-de demokratiýalaşdyrmak, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da ýokarlandyrmak babatda düýpli özgertmeler amala aşyrylýar. Bu özgertmeler hormatly Prezidentimiziň «Watan diňe halky bilen Watandyr! Döwlet diňe halky bilen döwletdir!», Gahryman Arkadagymyzyň «Döwlet adam üçindir!» diýen taglymatynyň iş ýüzünde durmuşa geçirilýändigini görkezýär.

     Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyzyň başlyklyk etmeginde 24-nji sentýabrda Aşgabat şäherindäki Maslahat köşgünde geçirilen Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisi Garaşsyz Watanymyzy mundan beýläk-de gülledip ösdürmegiň ýoluna möhüm ähmiýetli waka öwrüldi. Bu umumymilli forum ata-babalarymyzyň möhüm syýasy, ykdysady, medeni-durmuş meselelerini jemgyýetçiligiň ygtyýarly wekilleri bilen maslahatlaşyp çözmek ýaly asylly ýörelgeleriniň dabaralanýandygyny aýdyňlygy bilen äşgär etdi.  Onuň gün tertibinden hem görnüşi ýaly, halkyň bähbitlerine wekilçilik edýän ýokary wekilçilikli edaranyň — Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň döwletimizde, jemgyýetimizde tutýan orny örän uludyr. Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek we ýurdumyzy strategik taýdan özgertmek, türkmen jemgyýetinde agzybirligi, jebisligi has-da pugtalandyrmak Halk Maslahatynyň işiniň esasy ugurlarydyr. Halkymyzyň agzybirligini, jebisligini dabaralandyran Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisinden gelip çykýan wezipeleri ildeşlerimiziň, ylaýta-da, ýaşlaryň arasynda wagyz etmekde yhlas-tagallamyzy gaýgyrmarys.

     Türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň hem-de hormatly Prezidentimiz Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlarynyň sag, ömürleriniň uzak bolmagyny, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzyň mundan buýana hem gülläp ösmegini tüýs ýürekden arzuw edýäris.

 

Röwşen MAKSATMYRADOW,

TMÝG-niň Ahal welaýat Geňeşiniň

sanly ulgam boýunça esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY