Ýaňy-ýakynda Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Daşoguz welaýat Geňeşi welaýatyň Taryhy we ülkäni öwreniş muzeýinde Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahatynyň taryhy ähmiýetini wagyz etmek, dabaralandyrmak maksady bilen, “Öz sözün sözläp, öz sazyn çalýan//Türkmen dünýäň ýüregine ýol salýar” şygary astynda, “tegelek stoluň” başynda söhbetdeşlik gurady. Ony Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň Daşoguz welaýat häkimliginiň ýanyndaky bölüminiň başlygy Öwez Myradow alyp bardy. Söhbetdeşlige muzeýiň bölüm müdiri Gunça Seýidowa, şeýle-de, bu maslahata welaýatdan gatnaşan ýaşlar, ýagny, Ýaşlar guramasynyň welaýat Geňeşiniň baş hünärmeni Nurýagdy Galpakow, Agrar partiýanyň welaýat komitetiniň baş hünärmeni Baýram Amangeldiýew, “Daşoguz habarlary” gazetiniň bölüm müdiri Döwletnazar Işangulyýew dagylar gatnaşdylar. “Tegelek stoluň” başyndaky söhbetdeşlikde edilen çykyşlaryň özenini ýurdumyzyň çäginden daşarda hem giňden tanalýan, abraýly halkara gurama bolan Dünýä türkmenleriniň ynsanperwer birleşiginiň XXV maslahaty, bu maslahatyň doganlyk gatnaşyklary we raýdaşlygy berkitmekdäki, ählumumy parahatçylygyň we gülläp ösüşiň hatyrasyna hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmekdäki uly ähmiýeti, ondaky edilen çykyşlaryň many-mazmuny baradaky giňişleýin we täsirli gürrüňler düzdi.
Çynar ANNAÝEWA,
Daşoguz welaýatynyň Taryhy we ülkäni
öwreniş muzeýiniň bölüm müdiri,
TMÝG-niň işjeň agzasy.