BILIMLI NESIL – BAGTYÝAR NESIL

     Eşretli zamanamyzda bilimler we talyp ýaşlar gününiň döwlet derejesinde bellenip geçilmegi her bir raýatyň, ylaýta-da, talyplaryň watançylyk buýsanjyny artdyrýar. Türkmenistanyň bilim ulgamy hormatly Prezidentimiziň taýsyz tagallalary bilen, belent sepgitlere ýetýär. Şeýle asylly işleriň her biri döwlet Baştutanymyzyň gymmatly görkezmelerinden ugur alyp, ýurdumyzyň ykdysadyýetini, medeniýetini ösdürmäge, halkymyzyň durmuş hal-ýagdaýyny has-da gowulandyrmaga gönükdirilýär.

     Berkarar Watanymyzda ösüp gelýän ýaş nesil baradaky bimöçber aladalar gün-günden rowaçlanýar. Gahryman Prezidentimiziň çäksiz aladalary netijesinde, ýaşlaryň döwrebap terbiýe we bilim almagy, hünärleri öwrenmekleri üçin ak mermerli, dünýäniň iň ösen tehnologiýalary bilen üpjün edilen çagalar baglarynyň, orta we ýokary okuw mekdepleriň döwrebap binalarynyň yzygiderli gurlup, ulanylmaga berilmegi hem, muňa aýdyň şaýatlyk edýär. Hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda bilim ulgamynda aň-düşünjeli, ukyp-başarnykly, döwletiň hem-de ýurduň bähbitlerini gorap biljek, hemmetaraplaýyn sazlaşykly ösen şahsyýetleri terbiýeläp ýetişdirmekde giň möçberli işler durmuşa geçirilýär. Ýeri gelende aýtsak, döwletimiziň ykdysady taýdan ösüş aýratynlygyna laýyklykda, täze ýokary okuw mekdepleriniň we täze hünärleriň yzygiderli açylýandygyny ýatlap geçmek diýseň buýsançlydyr. Hormatly Prezidentimiziň Aşgabat şäherinde hem-de welaýatlarda orta hünär okuw mekdeplerini açmak baradaky taryhy kararlara gol çekmegi, ýaşlarymyzyň halk hojalygynyň dürli pudaklary boýunça täze hünärleri ele almaklaryna açylan giň ýoldur.

     Bu gün hormatly Prezidentimiziň pähim-parasadyna eýerýän ýaşlarymyz dünýäniň ýaşlary bilen bir hatarda, dürli ugurlar boýunça halkara bäsleşiklerine gatnaşyp, baýrakly orunlara mynasyp bolýarlar. Özleriniň üstünlikli çykyşlary bilen, Watanymyzyň abraýyny halkara derejesinde has hem belende galdyrýarlar.

 

Roza KARRIÝEWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň mugallymy,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY