BÜTINDÜNÝÄ SAGLYK GÜNÜNIŇ TARYHY ŞYGARLARY

     Beýik akyldarymyz Magtymguly Pyragynyň «Saglygyň gadryny bilgil, hasta bolmazdan burun» diýşi ýaly, sagdynlyk ömrüňi uzaldýar. Saglyk seniň baş baýlygyň, saglyk seniň hemme zadyň. Şu maksatdan ugur alyp, her ýylyň 7-nji aprelinde Bütindünýä saglyk gününe bagyşlanyp, ýurdumyzyň dürli künjeklerinde dabaraly çäreler geçirilýär. Saglyk güni diňe bir Türkmenistan ýurdumyzda däl, eýsem, dünýä ýurtlarynda giňden bellenilip geçilýär.

     Eýsem, biz bu gün hakda nämeleri bilýäris? Bütindünýä saglyk güni ilkinji gezek 1948-nji ýylda Bütindünýä saglyk guramasynyň döredilen güni mynasybetli, bellenilip başlandy. Häzirki wagtda 194 döwlet şu abraýly guramanyň agzasydyr. 1950-nji ýyldan bäri bu güni bellemek halklaryň arasynda asylly däbe öwrüldi. Saglyk gününiň baýramçylyk çäreleri adamlaryň öz durmuşynda saglygyň nähili uly orun eýeleýändigine düşünmek üçin ähmiýetlidir. Saglygy goraýyş baradaky guramalar bolsa, dünýä ýüzündäki adamlaryň saglygyny has-da gowulandyrmak baradaky edilmeli işleri orta atýar. Her ýyl Bütindünýä saglyk güni planetamyzyň saglygy goraýyş ulgamynyň öňünde durýan ählumumy meselelere bagyşlanýar.

     2009-njy ýylda Bütindünýä saglyk gününiň esasy meselesi lukmançylyk edaralarynyň howpsuzlygy we saglygy goraýyş işgärleriniň adatdan daşary ýagdaýlara, ýagny betbagtçylyga uçran adamlara kömek etmeklige taýýar bolmak barada boldy. Şol ýyl tutuş dünýä ýüzünde lukmançylyk edaralarynyň howpsuzlygyny wagyz edýän, ýagny adatdan daşary ýagdaýlar, betbagtçylyklar bolan wagtynda adamlara kömek etmäge taýýarlygy gowulandyrmaga bagyşlanan çäreler geçirildi.

     2010-njy ýylda Bütindünýä saglyk güni “Müň şäher, müň ýaşaýyş” diýen şygar astynda bellenilip, tutuş dünýä ýüzünde şäherlerde, köçelerde sagaldyş çäreleriniň, ýaryşlaryň birnäçesi geçirildi. 2011-nji ýylyň saglyk gününe bagyşlanyp geçirilen çäreler bolsa mikroblara garşy serişdeleriň durnuklylygy barada boldy. Munda esasan bakteriýaly kesellerde adamlaryň antibiotikleri içmegi we olaryň näsaga täsiri barada mesele öňe sürüldi. 2012-nji ýylda Bütindünýä saglygy goraýyş meselesi “Garramaklyk we saglyk” diýlip atlandyryldy. Bu çärelerde saglygyň ömürboýy, hatda garrylykda hem gowy durmuşda ýaşamaga, ýakynlaryňa, jemgyýetiňe peýdaly bolmaga ýardam edýänligine üns berildi. Biziň nirede ýaşaýanlygymyza garamazdan, garramaklyk biziň hemmämize mahsus. Şonuň üçin hem, saglygyň aladasyny etmek umumadamzat meselesidir. 2013-nji ýylda Bütindünýä saglygy goraýyş guramasy “Gipertoniýa” baradaky meseläni orta atdy. Gipertoniýa, ýagny ýokary gan basyş infarktyň emele gelmek mümkinçiligini ýokarlandyrýar we böwrek ýetmezçilikleri, şeýle hem körlüge we ýürek ýetmezçiliklerine getirip bilýär. Ýöne gipertoniýanyň öňüni alyp, ony bejerip hem bolýar. Ine, şu dogrusynda bu ýylda bütin dünýäde uly işler amala aşyryldy.

     2014-nji ýylyň şygary “Kiçijek awunma – uly howpuň çeşmesi” diýlip atlandyryldy. Gürrüň infeksiýa göterijiler bolan siňekler, çybynlar, sakyrtgalar barada barýar. Olar keseli bir adamdan başga adama, bir ýerden başga bir ýere geçirip bilýär. 2015-nji ýylda iýmit önümleriniň howpsuzlygyna bagyşlanan bolsa, 2016-njy ýylda diabetiň öňüni almak we bejermek, 2017-nji ýylda depressiýa garşy lukmançylyk çäreleri bilen baglanyşykly boldy. 2018-nji ýylda gurama öz çärelerini ählumumy şygarda “Saglyk hemmeler üçin” ady bilen giň gerimde ýaýbaňlandyrdy. 2019-njy ýylda “Oňat saglyk ýaşa ýaş goşýar” şygary bilen geçirilmegi sagdyn bolmagyň ýörelgeleriniň ilkinji nobatda, öz ýaşymyza ýaş goşýandygyny öňe sürdi. Bu bolsa, uzak ýaşly adamlaryň sanyny köpeltmek we bu ugurda durmuşa geçirilmeli çärelere giň orun berildi. 2020-nji ýylda gurama şepagat uýalary we akuşer lukmanlary goramaga we goldamaga çagyrýan şygarlary öňe sürdi. 2021-nji ýyl bolsa, turuwbaşdan sanjym ulgamyna bagyşlandy. 2022-nji ýylda “Biziň planetamyz, biziň ýaşaýşymyz” ady bilen köp sanly gyzykly çäreleriň ençemesi geçirildi. 2023-nji ýylda bolsa, guramanyň döredilmeginiň 75 ýyllygyna bagyşlanyp, ählumumy şygarda “Saglyk hemmeler üçin” şygary astynda, dabaraly çäreler bilen utgaşyp gitdi. Şu ýyl bolsa gurama “Meniň saglygym – meniň hukugym” ady bilen, giň gerimde geçirilýär.

     Bütindünýä saglyk güni — bu ählumumy birleşme bolup, biziň planetamyzyň ähli ýaşaýjylarynyň saglyk meselelerine we saglygy goraýşa bagyşlanandyr. Onuň geçirilmeginiň esasy maksady bolsa, adamlaryň saglygyny goramak we olaryň asuda, abadan durmuşda ýaşamagydyr.

 

Taýýarlan: Altyn HOJAMOWA,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby,

TMÝG-niň işjeň agzasy.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY