GARAŞSYZLYK – BAKY BAGTYŇ GÖZBAŞY

     Ine, ýene-de baýramlaryň naýbaşysy – Magtymguly Pyragynyň arzuwlan Garaşsyzlyk baýramy ýetip geldi. Bu günki gün merdana halkymyz ata-babalarymyzyň arzuwlan mukaddes Garaşsyzlygyna, hemişelik Bitaraplygyna eýe bolup, özüniň Türkmenistan atly berkarar döwletini gaýtadan gurdy. Garaşsyzlyk ata-babalarymyzyň özbaşdak döwletli bolmak baradaky arzuwlarynyň amala aşmagyna, köp asyrlyk milli we ruhy gymmatlyklarymyzy, şeýle hem, arzyly ynsanperwer däplerimizi dikeltmäge mümkinçilik berdi. Garaşsyzlyk türkmen halkyny uly bagta ýetirdi.

     Umumadamzat pelsepesiniň iň bir arzyly gymmatlygy bolan Garaşsyzlyk – halkyň, Watanyň barlygydyr. 1991-nji ýylyň tylla güýzünde ýurdumyz öz Garaşsyzlygyna eýe boldy. Garaşsyzlygyna eýe bolan gününden bäri ýurdumyz ýylsaýyn ösüşlerden-ösüşlere tarap ynamly öňe barýar, durmuş-ykdysady maksatnamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bary-ýogy 33 ýylyň içinde Garaşsyz döwletimiz tanalmaz derejede ösdi we özgerdi. Bu gün Türkmenistan, türkmen halky Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda toý toýlaýar. Eziz Diýarymyzda alnyp barylýan ajaýyp işler, gazanylýan üstünlikler, parahatçylyk söýüjilikli agzybir gatnaşyklar Garaşsyzlygymyzyň bize beren sylag-serpaýlarydyr. Şeýle arzyly gymmatlyklara eýe bolan döwlet elmydama ösüşlere ýar, Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan Watanymyzyň başynda Arkadagly Gahryman Serdarymyz bar.

     Mukaddes Garaşsyzlygymyzyň 33 ýyllyk baýramy bilen, Gahryman Arkadagymyzy, Arkadagly Gahryman Serdarymyzy, mähriban halkymyzy tüýs ýürekden gutlaýarys!

     Bizi eşretli, bolelin, parahat zamanada ýaşadýan Gahryman Arkadagymyzyň hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň janlary sag, ömürleri uzak bolsun, tutýan tutumly işleri elmydama rowaçlyklara beslensin!

 

Ýazjemal BAZAROWA,

TMÝG-niň Daşoguz welaýatynyň

Daşoguz şäher Geňeşiniň esasy hünärmeni.

Meňzeş habarlar

22 Noýabr 2024 | 629 okalan

PERZENT TERBIÝESINDE ENE SÖÝGÜSINIŇ ORNY

21 Noýabr 2024 | 4818 okalan

BILIM — DOSTLUGYŇ GAPYSY